Ï Paýtagtymyzda söwda amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda söwda amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça maslahat geçirildi

view-icon 1520
Paýtagtymyzda söwda amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde söwda amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça iki günlük maslahat geçirdi. 

Maslahat «Türkmenistanyň söwda mümkinçiligini güýçlendirmek, II tapgyr» atly dowam edýän bilelikdäki taslamanyň çäginde geçirildi.

Halkara bilermen Anait Smbatýan maslahata gatnaşanlary bäsleşikli gurşawda söwdany ösdürmek üçin zerur gurallar, köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde söwdany erkin bazar gurşawyndaky usullary bilen tanyşdyrdy.

Şunuň bilen baglanyşyklylykda, bilermen sanlylaşdyrmak söwda amallaryny nähili sadalaşdyryp, hususan-da, halkara söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin döredilen «eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ulanmak arkaly sadalaşdyryp biljekdigi barada gürrüň berdi. 

Maslahata gatnaşanlar, şeýle hem Bütindünýä söwda guramasynyň söwdany kadalaşdyrmakda we halkara söwdanyň ösmeginde eýeleýän orny bilen tanyşdylar. BSG bu gurama girýän her ýurduň milli ykdysadyýetiniň we bazarynyň ösmegine kömek edýär.