Ï Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň Baş Assambleýasynyň onunjy mejlisi Pariž şäherinde geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň Baş Assambleýasynyň onunjy mejlisi Pariž şäherinde geçirilýär

view-icon 2367
Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň Baş Assambleýasynyň onunjy mejlisi Pariž şäherinde geçirilýär

2024-nji ýylyň 11-12-nji iýuny aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň Baş Assambleýasynyň onunjy mejlisi geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Iki günüň dowamynda gatnaşyjy döwletler bütin dünýäde janly mirasy gorap saklamak boýunça tagallalary ugrukdyrmak maksady bilen Konwensiýanyň wajyp meselelerine seretdiler. Gün tertibine Hökümetara Komitetiň we Sekretariatyň hasabatlary, 2024-2025-nji ýyllarda Maddy däl medeni mirasyň gaznasynyň ulanylyşy boýunça meýilnamalary, täze Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň akkreditasiýasy, 2023-nji ýylda Konwensiýanyň 20 ýyllygy boýunça hasabaty we Komitetiň 12 sany täze agzalarynyň saýlawlary degişli edilýär.

Gatnaşyjylar mejlisiň täze saýlanan başlygyny, Prezidiumyň agzalaryny we ýakynda Konwensiýa goşulan ýurtlary gutladylar. 17-nji we 18-nji mejlisleriň başlyklaryna netijeli iş alyp baranlary üçin minnetdarlyk bildirildi.

Bu mejlisler Türkmenistan üçin aýratyn üstünlikli boldy, «Türkmen keşdeçilik sungaty» we «Ahal-teke atçylyk sungaty we atlaryň bezegi däpleri» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik sanawyna girizildi.