Ï Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň sebit wekili bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň sebit wekili bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 2244
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň sebit wekili bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODC) sebit wekili Aşita Mittalyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Duşuşygyň barşynda taraplar bu guramanyň taslamalarynyň we neşeleriň bikanun dolanşygynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça degişli sebitleýin we halkara gurallarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

UNODC-nyň «Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjynyň çäklerinde gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň şu günler geçirilýän her ýylky 9-njy sebitara duşuşygynyň ähmiýetini nygtamak bilen, söhbetdeşler şu gezekki duşuşygyň ählumumy we sebit gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, serhet howpsuzlygyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýelejekdigini bellediler.

Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegi bilen baglanyşykly bilelikdäki çäräni guramak barada ylalaşdylar.