Ï Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary bilen duşuşygy

view-icon 2768
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler ýokary derejedäki gatnaşyklaryň yzygiderli we depginli häsiýeti bilen berkidilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary netijeliligini bellediler.

Nygtalşy ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» XV halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy we bu ýerde möhüm başlangyçlary öňe sürmegi türkmen-rus hyzmatdaşlygyny has-de çuňlaşdyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny bellediler. Şu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ikinji parlamentara forumyny guramak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Taraplar bilim, ylym we medeniýet ugurlaryndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wagtyň talap edýän netijeli görnüşlerini bilelikde işlenip düzülmegine geljekde hem ýardam bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.