Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady

view-icon 1822

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

«Siz ömrüňizi kosmosy öwrenmäge, älem-jahana akyl ýetirmäge we ylmy ösdürmäge bagyşladyňyz. Biz Türkmenistanda siziň uçuşyňyzy hem-de üstünlikleriňizi ruhubelentlik bilen synlaýarys. Kosmosda bolýan wagtyňyzda hem siziň Türkmenistana bolan söýgiňizi we aýratyn ünsüňizi görmek bizi begendirýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda belledi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Oleg Kononenko berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, ähli maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini arzuw etdi.