Ï Suwhan Öwezgeldiýew Ulan-Udede geçirilen Gran-pri ýaryşynda çempionlyk guşagyny eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suwhan Öwezgeldiýew Ulan-Udede geçirilen Gran-pri ýaryşynda çempionlyk guşagyny eýeledi

view-icon 3006
Suwhan Öwezgeldiýew Ulan-Udede geçirilen Gran-pri ýaryşynda çempionlyk guşagyny eýeledi

Türkmenistanly türgen Suwhan Öwezgeldiýew Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Ulan-Ude şäherinde geçirilen söweş sambosy boýunça halkara Gran-pri ýaryşynda çempionlyk guşagyna eýe boldy. Aşgabat şäher prokuraturasynyň işgäri 88 kilogram agram derejesinde finalda russiýaly Iwan Intýuhowy ýeňip, şeýle üstünlik gazandy.

Söweş sambosynyň ligasy tarapyndan täzelenen düzgünlere laýyklykda geçirilen Gran-pri ýaryşa 8 ýurtdan – Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 14 türgen gatnaşdy.

Häzirki Gran-pri ýaryşyň esasy aýratynlygy türgenleriň deslapky duşuşyklary geçirmän, öz agram derejelerinde göni finala çykdylar we ýeňijiler çempionlyk guşagyndan başga-da pul baýragyna mynasyp boldular.

Söweş sambosynyň ligasy sportuň bu görnüşini ýaýmak we türgenlere goldaw bermek maksady bilen, 2020-nji ýylyň fewral aýynda esaslandyryldy.