Ï Türkmenistan we BMGÖM daşary söwdany gözegçilik etmegiň usullaryny kämilleşdirmek ugrunda tagallalaryny birleşdirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we BMGÖM daşary söwdany gözegçilik etmegiň usullaryny kämilleşdirmek ugrunda tagallalaryny birleşdirýärler

view-icon 1973
Türkmenistan we BMGÖM daşary söwdany gözegçilik etmegiň usullaryny kämilleşdirmek ugrunda tagallalaryny birleşdirýärler

Halkara bilermen Alekseý Ponomarenko öňdebaryjy tejribesini paýlaşmak we daşary söwdany gözegçilikde saklamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça teklip bermek üçin Türkmenistana geldi.

Hyzmat söwdasy köplenç gümrükden geçmeýän, şonuň üçin-de takyk anyklamagy kynlaşdyrýan maddy däl amallary öz içine alýar. Daşary ýurtlar bilen hyzmat söwdasy barada maglumat ýygnamagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy, esasanam, sanly we kiçi göwrümli amallar üçin maglumatlaryň takyklygyny ep-esli ýokarlandyryp biler. 2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda «tegelek stolda» Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bilermeniň sapary Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Hyzmatlaryň daşary söwdasynyň statistikasyny, şeýle hem ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberi baradaky statistiki maglumatlary kämilleşdirmäge goldaw bermek» taslamasynyň çäginde bolup geçdi.

Bu başlangyç Türkmenistanyň hökümetiniň hyzmatlar söwdasynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän we ýolagçy hem ýük akymlary baradaky maglumatlaryň hilini ýokarlandyrmak ýoly bilen milli kanunçylygy sazlamak arkaly daşary we içerki söwdany kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işlerini goldaýar.