Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanyna Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen bäsleşik baý mazmuna, egsilmez joşguna, aýratyn ähmiýete eýe boldy. Günbatar sebitiň zenanlarynyň arasynda guralan «Zenan kalbynyň owazy» atly bu bäsleşigi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölümi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilelikde yglan etdiler.
Bäsleşige etraplardyr şäherler boýunça geçirilen tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar işjeň gatnaşdylar. Birnäçe şertden ybarat bolan bäsleşigiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhubelent zenanlary zehinlerini, ukyplarydyr başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle-de özlerini, maşgala agzalaryny çeper sözler arkaly tanyşdyrdylar, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, ajaýyp taryhy eýýamymyza bolan ýürek buýsançlaryny joşgunly beýan etdiler. Ene-mamalarymyzdan nesilme-nesil mynasyp dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerimiz, mukaddes däp-dessurlarymyz, eneleriň perzentlerine bolan söýgüleri hem bäsleşige gatnaşyjylaryň çäksiz buýsanja beslenen çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şonuň ýaly-da olaryň bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, sahnada ussatlyk bilen janlandyran parçalary, ýerine ýetiren hüwdüleri, dürli çeper el işleri, gyzykly durmuş pursatlary hasam täsirli boldy.
Şowhunly geçen bäsleşigiň jemleri esasynda Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň folklor ýolbaşçysy Güljemal Penaýewa bilen welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Aýgül Baýramowa baş baýraga mynasyp boldular. Şeýle-de welaýatyň Esenguly etrap medeniýet merkeziniň medeni çäreleriň guramaçysy Aşyrbibi Aşyrowa, şol etrabyň Ekerem şäherçesiniň medeniýet öýüniň tans goýujysy Altyntäç Mämmedowa birinji, Türkmenbaşy şäherindäki 13-nji çagalar bagynyň aşpezi Şemşat Gutlyýewa, şol şäherdäki 6-njy çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Amangül Hangeldiýewa ikinji, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň medeni we sport toplumynyň «Dagdan» folklor toparynyň tans goýujysy Ogulgerek Amangeldiýewa, Türkmenbaşy şäheriniň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Täzegül Ýaýlymowa üçünji orunlary eýelediler.
Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesine ýörite sowgatlar gowşuryldy.