Ï Daşoguz elektrik bekedi täze döwrebap energiýa desgasydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz elektrik bekedi täze döwrebap energiýa desgasydyr

view-icon 1750
Daşoguz elektrik bekedi täze döwrebap energiýa desgasydyr

Geçen ýyl Daşoguz döwlet elektrik bekedi bir milliard kilowat sagat, ýagny meýilleşdirileninden ep-esli köp energiýa öndürdi. Elektrik energiýasynyň esasy bölegi welaýatyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ulanyldy, bir bölegi bolsa ýurduň bitewi energiýa ulgamyna iberildi.

Şeýle hem geçen ýyl Daşoguz welaýatynyň elektrik energiýaçylarynyň durmuşynda möhüm waka bolup geçdi – Daşoguz döwlet elektrik bekedi, welaýatyň tutuş energiýa infrastrukturasy ýaly, ýurduň umumy energiýa halkasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu, «Balkan – Daşoguz» ýokary woltly täze elektrik geçirijiniň we ägirt uly döwlet taslamasynyň çäginde gurlan iki sany elektrik podstansiýalarynyň işe girizilmegi bilen mümkin boldy. Uzynlygy 572 km bolan Balkan – Daşoguz elektrik geçirijiniň gurluşygy boýunça ähli işleriň ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylandygy begendirijidir.

Umumy energiýa halkasy sebitleriň energiýa ulgamlary bilen Aşgabadyň arasyndaky özara ätiýaçlandyrmanyň hasabyna Türkmenistanyň tutuş energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak we sarp edijilere zyýan ýetirmezden, dürli möhüm baglarynda zerur bejergi işlerini amala aşyrmak we olary döwrebaplaşdyrmak mümkinçiligini berdi.

Geljekde ýurduň bitewi energiýa halkasynda möhüm orun tebigy türkmen gazy bilen işleýän täze döwrebap beket bolan Daşoguz döwlet elektrik bekedine berler. Ol Amerikanyň dünýä belli «General Electric» kompaniýasynyň  öndüren iki sany gaz turbinaly desga bilen enjamlaşdyrylandyr we her ýylda 1,5 milliard kilowat sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürmäge ukyplydyr. Onuň elektrik energiýasyny öndürme tehnologiýalaryna tygşytlylyk we daşky gurşawa zyýansyzlyk mahsusdyr. Öňümizdäki ýyllarda elektrik bekedini, ýurdumyzyň beýleki şuňa meňzeş desgalary ýaly, birleşdirilen halka geçirmek meýilleşdirilýär.