Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda «Materiallaryň garşylyk görkezmek ukyby» dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirer.
Türkmenistanyň bu ýokary okuw mekdebi ýokary mekdeplerde okaýan ugurlaryna we hünärlerine garamazdan, şu ders bilen gyzyklanýan ähli talyplary olimpiada gatnaşmaga çagyrýar. Olimpiada gatnaşjaklary hasaba almak 15-nji marta çenli dowam eder.
Olimpiada 18-nji martda onlaýn görnüşde şahsy ýaryşlar görnüşinde geçiriler. Bäsdeşler üçin 6 tabşyryk taýýarlanyldy, olary çözmäge 120 minut wagt berilýär. Olimpiadanyň resmi dili türkmen, iňlis we rus dilleridir.
Bäsleşigiň emin agzalygyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girer. Internet olimpiadasynyň ýeňijileri we baýraklara mynasyp bolanlary toplanan utuklaryň umumy sany boýunça kesgitlener hem-de 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar bilen sylaglanar.
Olimpiada ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Türkmenistanyň BMG-ä agza bolmagynyň 33 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimiziň ileri tutýan ugurlary ýörelgesiniň çäginde geçirilýär.
Talyp bäsleşiginiň maksady Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary mekdepleriniň hem-de ylmy merkezleriniň arasynda özara gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek, ýaşlaryň ylym öwrenmäge bolan höwesine itergi we goldaw bermek, zehinli hem başarnykly ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olaryň ylymly-bilimli bolmaklary üçin amatly şertleri döretmegi öz içine alýar.
Olimpiada Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurduň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejesindäki ýokary mekdepleriň sanawyna goşmak üçin, çäreler geçirmek meýilnamalaryna laýyklykda geçirilýär.
Olimpiada barada jikme-jik maglumaty institutyň saýtynda, şeýle hem (+99312) 28-18-05, (+99365) 814482 belgili telefon arkaly we tdbgiob@gmail.com. elektron salgysy boýunça alyp bilersiňiz.
Guramaçylar bu halkara olimpiadanyň dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda tejribe alyşmagy, ylym we bilim hyzmatdaşlygyny güýçlendirjekdigine, ýaşlarda özbaşdak iş endiklerini we ylmy pikirlenmäni ösdürjekdigine, şeýle hem nazary bilimlerini we amaly endiklerini ýokarlandyrjakdygyna ynam bildirýärler.