Ï Daşoguz welaýatynda «Obahyzmatyň» hünärmenleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda «Obahyzmatyň» hünärmenleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görýärler

view-icon 2082
Daşoguz welaýatynda «Obahyzmatyň» hünärmenleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görýärler

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň hünärmenleri oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bejergi hem ýaz ekiş döwrüne taýýarlyk işlerini jogapkärçilikli alyp barýarlar.

Olar möhüm oba hojalyk işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň köp derejede özleriniň işine baglydygyna anyk düşünýärler. Göz öňünde tutulan işleriň meýilnamasyna we tehniki hyzmat üçin ylmy maslahatlara laýyklykda, häzirki wagtda kärhanada dürli traktorlar we enjamlar gözden geçirilip, ýagdaýy anyklanýar. Ýetip gelýän ýaz ekişi möwsümine azallaryň, kultiwatorlaryň we ekiji enjamlaryň taýýarlygynyň barşynda toprak görnüşine we meýilleşdirilen işe laýyklykda, ähli berkitmeler barlanyp, sazlanyp, ähli hereketli bölekler bolsa ýaglanyp, beýleki zerur işler-de geçirildi.

Şu güne çenli 52 sany azal, 22 kultiwator, şol sanda meşhur «Ortman» kysymly 9 kultiwator, 9 sanysy pagtany takyk tohum taşlamak arkaly ekýän «Monosem» kysymly bolmak bilen, 24 sany ekijiler we beýlekiler eýýäm taýýarlaryň hataryna goşuldy.

Bölüm başlygy A.Garryýewiň aýtmagyna görä, kärhananyň işgärleri D.Otuzow, Ş.Orazgulyýew, H.Sapardurdyýew we beýlekiler öz işlerine ussatlarça çemeleşmek bilen, yhlaslaryny görkezýärler. Welaýatyň beýleki etraplarynda-da dürli maksatly oba hojalyk tehnikasyny we enjamlaryny taýýarlamak boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Welaýatyň oba hojalyk pudagynyň häzirki zaman enjamlarynyň yzygiderli üpjün edilmegi netijesinde, ýokary mehanizasiýa derejesi bilen tapawutlanýandygyny bellemelidiris.

Häzirki wagtda bu ýerde dürli ýokary öndürijilikli traktorlar, galla we pagta ýygýan maşynlar we dünýä belli öndürijiler tarapyndan ýasalan ýöriteleşdirilen dürli enjamlar netijeli ulanylýar.