Ï Milli bahar baýramy mynasybetli medeni dynç alyş çäreleri ýola goýuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli bahar baýramy mynasybetli medeni dynç alyş çäreleri ýola goýuldy

view-icon 1117

Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet merkezlerinde halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk we senetkärçilik bilen baglanyşykly däp-dessurlaryny görkezýän sergiler geçirilýär. Şeýle hem aýdym-sazly tomaşalar guralýar.

Esasy dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňünde bolup geçer. Nowruz däplerine we Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan giň gerimli medeni dynç alyş çäreleri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Nowruz ýaýlasynda» geçiriler.

Türkmenistanyň medeniýet merkezlerinde we teatrlarynda baýramçylyk tomaşalary we konsertler görkeziler.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

22.03.2025 «Gülki agşamy» 19:00;

23.03.2025 «Gelin gelýär» 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

22.03.2025 «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00;

23.03.2025 «Sawçy hem sallahlar» 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

22.03.2025 «Gülki sowgady» 19:00;

23.03.2025 «Sabyr Ataýewa» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

22.03.2025 «Колобок» 12:00; 14:00;

22.03.2025 Концерт «Пришла весна» 19:00;

23.03.2025 «Золушка» 11:00; 13:00;

23.03.2025 «Пришёл мужчина к женщине» 19:00.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

22.03.2025 «Çynymy aýtsam» 19:00;

23.03.2025 «Arşyn mal alan» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

22.03.2025 «Bir towşanjyk bar eken» 17:00;

22.03.2025 «Jüýteniň toýy» 19:00;

23.03.2025 «Şadyýan sazandalar» 12:00; 17:00;

23.03.2025 «Şadyýan şow» 19:00.