Ï Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 1294

2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çirielliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hökümetara hem-de pudagara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda energetika geçişi, suw çeşmeleri, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ýokary bilim we ulag ýaly meseleleri öz içine alýan “2024-2025-nji ýyllar üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň torlaryny döretmek boýunça Hereketleriň meýilnamasyny” tassyklamak başlangyjy boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň möçberini ýokarlandyrmagyň ýollaryna aýratyn garaldy.

Nebit-gaz we demir ýol pudaklary, dokma senagaty, oba hojalygy we suw dolandyryşy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kegitlenildi.

Mundan başga-da, ynsanperwer ulgamda, hususan-da bilim, arheologiýa we medeniýet ugurlarynda gatnaşyklary berkitmek baradaky özara ygrarlylyk bellenildi.