Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

view-icon 1448

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler halkara gatnawlarynyň hukuk we logistika binýadyny kämilleşdirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ulag ulgamyndaky ysnyşykly we giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga berk we yzygiderli ygrarlylyk görkezýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplaryň ulag pudagyndaky gatnaşyklary giňeltmek babatynda täze amaly tekliplere taýýardygy mälim edildi.