Ï Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin dalaşgärleriň saýlanylýandygy yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin dalaşgärleriň saýlanylýandygy yglan edildi

view-icon 1868
Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin dalaşgärleriň saýlanylýandygy yglan edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025-2026-njy okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça dalaşgärleriň saýlanyp alynýandygy barada yglan etdi.

HHR-niň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan resminamalar kabul ediş topary tarapyndan 12-21-nji maýy aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde amala aşyrlar.

Resminamalary 18 ýaşa ýeten hem-de 25 ýaşdan uly bolmadyk (2025-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli), orta, orta hünär bilimli we iňlis dilini bilýän ýaşlar tabşyryp bilerler.

HHR-niň Sinsýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerindäki hünärleriň sanawy, ýokary hünär biliminiň maksatnamalaryndaky orunlaryň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlar kabul ediş topary tarapyndan berler.

HHR-de okamak üçin tabşyrylmagy zerur bolan resminamalar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň şu resmi saýtynda ýerleşdirildi, şeýle hem 9-njy maýda ýurduň KHBS-niň merkezi neşirlerinde çap edildi.

Resminamalaryň terjimeleri iňlis dilinde berilmelidir. Zerur bolanda kabul ediş topary dalaşgär barada goşmaça maglumatlary sorap almaga hukuklydyr.

24-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilen resminamalaryň netijeleri boýunça ýokary bahasy bolan dalaşgärler bilen saýlama söhbetdeşligi geçiriler. Söhbetdeşlik umumybilim dersleriniň maksatnamasy boýunça geçiriler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 31. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+993 12) 94-69-90, 94-54-29.