Ï Annadurdyýew iň ökde bombardir, Tirkişow bolsa 2024/25 AFK Çagyryş ligasynyň iň gymmatly oýunçysy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Annadurdyýew iň ökde bombardir, Tirkişow bolsa 2024/25 AFK Çagyryş ligasynyň iň gymmatly oýunçysy boldy

view-icon 1951
Annadurdyýew iň ökde bombardir, Tirkişow bolsa 2024/25 AFK Çagyryş ligasynyň iň gymmatly oýunçysy boldy

«Arkadag» futbol toparynyň 5 gol salan 32 ýaşly hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew «2024/25 AFK Çagyryş ligasynyň iň gowy bombardiri» diýen ada mynasyp boldy. Degişli baýrak oňa jemleýji duşuşygyň ahyrynda gowşuryldy. Bu oýunda milli ähmiýetli şäher bilen adybir türkmen kluby Kambojanyň häzirki dört gezek çempiony – «Svay Rieng»  klubundan 2:1 hasabynda üstün çykdy we ilkinji gezek yklym baýragyny gazandy.

Pnompeniň «Morodok Techo»  stadionynda bolup geçen oýnuň ykbaly oýnuň adaty wagty 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlanandan soň, goşmaça 30 minutda çözüldi. Oýnuň 112-nji minutynda Arzuwguly Sapargulyýew meýdançanyň jümmüşinden uzak aralyga urup,  Altymyrat Annadurdyýewi derwezä çykardy, ol bolsa goragçydan geçip, derwezeçi bilen ýeke-ýekä çykdy we uzak burça takyk urdy. Bu gol diňe bir ýeňiş goly bolman, eýsem A.Annadurdyýewiň 2024/25 AFK Çagyryş ligasynda tora salan bäşinji pökgüsi  boldy.

«Men toparyň başky düzüminde çykyp bilmedim, çünki öň alan şikesim heniz doly gutulanok, ýöne toparymyzyň üstünligine goşant goşup bilendigime gaty begenýärin. Biz yhlas bilen zähmet çekdik, gaty gowy oýun oýnadyk we munuň üçin sylaglandyk» diýip, A. Annadurdyýew finaldan soň duýgularyny bize ýetirdi.

Altymyrat Annadurdyýew sportda ösüşini 2014-nji ýylda «Galkan» futzal toparynda başlady we şol ýyl 10 gol salyp, iň ökde bombardir we Türkmenistanyň çempiony boldy. 2015-nji ýylda «Ahal» bilen şertnama baglaşyp, futbola geçdi. Altymyrat 2015-nji ýylda geçirilen AFK Kubogynda täze kluby üçin ilkinji gezek çykyş etdi. Şonda ol Bişkekiň «Dordoý» toparyna garşy oýunda eýýäm 9-njy minutda jerime meýdançasyndan gol saldy. Türkmenistanyň çempionatynyň ilkinji oýnunda Marynyň «Energetik» toparynyň  derwezesine dört pökgi  saldy. 2016-njy ýyldan A. Annadurdyýew Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynda oýnaýar, bu ýerde Täjigistanyň «Istiklol» toparynyň derwezesine salan goly 2019-njy ýylda geçirilen AFK kubogynyň iň gowy üçlügine girdi. 2024-nji ýylda bolsa ol «Arkadag» toparyna goşuldy.

«Arkadag» toparynyň başga bir oýunçysy – 28 ýaşly ýarymgoragçy Şanazar Tirkişow – baýrak gowşurylyş dabarasynda 2024/25 AFK Çagyryş ligasynyň MVP («Iň gymmatly oýunçy») baýragyny aldy.

Ş. Tirkişowyň wezipesi diňe bir gol salmak üçin şert döretmek däl, eýsem gol salmakdy. Munuň üçin Kuweýtiň «Al-Arabi» topary bilen ýarym final jogap oýnuny ýada salmak ýeterlikdir (3:0), bu oýunda onuň salan iki goly netijesinde  «Arkadag» topary iki oýnuň jemi boýunça 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy we 2024/25 AFK Çagyryş ligasynyň finalyna çykdy.

Şanazar jemleýji oýunda-da toparyň üstünligine möhüm goşant goşdy. Oýnuň 59-njy minutynda ol pökgini burçdan oýna girizmäge hukuk gazandy, bu urgudan soň «Arkadag» topary ilkinji pökgini tora girizdi.

AFK Çagyryş ligasy Aziýada üçünji güýçli klub ýaryşydyr. Bu ýaryş – täze, ýöne oňa 2005-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli geçirilen «AFK prezidentiniň kubogynyň» täzeden dikeldilen ýaryşy diýmek bolar.

2024/25 AFK Çagyryş ligasynda ýeňiş gazanyp, «Arkadag»  topary 2013-nji ýylda «Balkanyň» ýeňşinden we MTTU 2014-nji ýylda AFK-nyň prezident kubogyny alandan soň yklym kubogyny gazanan üçünji türkmen kluby boldy. Topary bu üstünlige Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi, 44 ýaşly tanymal tälimçi, Groznyý şäheriniň «Terek» toparynyň düzüminde 2003/04 Russiýa Kubogynyň ýeňijisi Wladimir Baýramow alyp geldi. Onuň 2013-nji ýylda oýunçy hökmünde «Balkanyň» düzüminde AFK prezidentiniň Kubogyny alandygy-da bellärliklidir. Indi bolsa baş tälimçi hökmünde täze Aziýa baýragyny gazandy.