Ýurdumyzyň Günbatar sebitiniň kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleridir mülkdarlary mukaddes topraga ýylyň-ýylyna agrotehniki talaplara laýyklykda ideg edip, bol hasyl ýetişdirýärler. Balkanly gallaçylar geçen ýyl hem azyklyk däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinji bolup, üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolsa Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary 2025-nji ýylyň hasyly üçin geçen güýzde ekilen 50 müň gektar bugdaý ýerinden bol we ýokary hilli hasyl ýygnamaklygy meýilleşdirýärler. Bu ugurda olar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirýän iş maslahatlarynda ýetip gelýän bugdaý oragy mynasybetli berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, önümçilik depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Has takygy, olar öňde duran jogapkärli möwsümde ulanyljak kombaýnlary, ulaglary, galla kabul ediş bölümlerindäki enjamlary gözden geçirmekde, abatlamakda ähli zerur çäreleri görýärler. Şeýle-de welaýatyň hasyl ussatlarynyň şu ýyl döwlet harmanyna 80 müň tonna däne tabşyrmak baradaky maksatlarynyň hasyl boljakdygyna pugta ynanýarlar. Ýetişdirilen bol hasylam kärendeçi daýhanlaryň, ýer eýeleriniň azaplarynyň ýerine düşjekdigine aýdyň güwä geçýär.
Häzirki wagtda möhüm möwsüme taýýarlygyň çäklerinde gyzgalaňly dowam edýän işlerde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri has-da işjeňlik görkezýärler. Bu ýerde galla oragynda işlediljek kombaýnlar, tehnikalar öňde duran jogapkärli möwsüme taýýar edildi. Birleşigiň Gyzylarbat, Bereket etrap kärhanalary tarapyndan «СLAAS», «John Deere» kysymly galla orujy kombaýnlaryň 100-den gowragy gözden geçirilip, taýýarlyk hataryna çykaryldy. Olaryň ählisinde hem ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek üçin öňüni alyş çäreleri geçirildi. Şonuň ýaly-da ýetip gelýän galla oragy möwsüminde ýörite döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlary işlär. Düzüminde abatlaýjylar, mehanikler, degişli hünärmenler bolan toparlar möwsümde ýüze çykýan käbir bökdençlikleri dessine düzederler.
Ýeri gelende aýtsak, welaýat boýunça galla kabul ediş kärhanalary, şeýle-de Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky her biri 50 müň we 30 müň tonna däne saklamaga niýetlenen elewatorlar, dänäniň hilini kesgitlejek barlaghanalar möwsüme doly taýyn edildi. Galla oragynyň geçiriljek ýerlerinde, onuň kabul ediş nokatlarynda, meýdan düşelgelerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçinem maksadalaýyk çäreler alnyp baryldy.