Ï Döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

view-icon 2815
Döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
camera-icon
Pirnazar Rejepow

Ýakynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap merkezindäki «Magtymguly Pyragy» muzeýinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurt derejesinde yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» we «Owadan ýazuw» atly döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guraldy.

 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi, «Nesil» we «Biznes reklama» gazetleriniň redaksiýalary tarapyndan bilelikde guralan dabara ýokary guramaçylyk, işjeňlik ýagdaýynda geçdi. Dabara gatnaşmak üçin ýurdumyzyň halypa ýazyjy-şahyrlaryndan, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlardan, ady agzalan bäsleşikleriň ýeňijilerinden, Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalaryndan hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat topar paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinden Balkan welaýatyna döredijilik saparyna ugradylar. Ýol ugruna olar edebiýat, döredijilik dünýäsi barada söhbetdeş bolup, özara pikir-tejribe alyşdylar.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar ir säher bilen Balkan welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň gurnamagynda «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň öňündäki meýdançada belentden tutulan dabara işjeň gatnaşdylar. Bu ýerde dabara gatnaşyjylar welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saz, tans, halk döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna höwes bilen tomaşa etdiler. 

Soňra Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň muzeýiň öňündäki heýkeline ter gül desselerini goýup, ägirt söz ussadynyň ruhuna tagzym etdiler. Seýle-de kalby ylhamly ýaşlar «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň bölümlerine aýlanyp, beýik akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyna degişli gymmatlyklar, şol sanda ýaş senetkärleriň döreden sungat eserleri bilen ýakyndan tanyş boldular.

Şeýle ýatda galyjy, gyzykly pursatlardan soň, muzeýiň mejlisler zalynda geçen dabara has-da täsirli, ýakymly boldy. Döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynda çykyş edenler nusgawy şahyrymyzyň eserlerinden ylham alýan ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olara döredijilik äleminde täze rowaçlyklary arzuw etdiler. Şonuň ýaly-da bäsleşiklerde ýeňiji bolan zehinli ýaşlara Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşigiň dowamynda has tapawutlanan döredijilik eserleri üçinem höweslendiriji baýraklar berildi.

Täsirli geçen dabaradan soň, biz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri Gurbanmyrat Muhammedow bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol:

– Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik işgärlerimiziň çekýän asylly zähmetine biz uly hormat goýýarys. Olaryň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, mynasyp durmuşda ýaşamaklary we döredijilikli işlemekleri üçin ähli şertleri döredýäris»-diýen sözleri bizi geljekki üstünliklere ruhlandyrýar. Taryhy eýýamymyzda 2025-nji, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny döredijilikli işlere, ýokary zähmet üstünliklerine beslemek bolsa bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjy bolup durýar. 

Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçiren döredijilik bäsleşiklerimiz ýerine düşdi. Çünki, döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserler zehinli ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelýändigini, ýaşlaryň döredijilik başlangyçlarynyň kämilleşýändigini nobatdaky gezek has-da aýdyň görkezdi-diýip, guwanç bilen gürrüň berdi.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasyndan soňra, Balkan welaýatyna amala aşyrylan döredijilik saparyna gatnaşan halypa ýazyjy-şahyrlardyr ýaş döredijiler Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyna baryp gördüler. Beýik Pyragynyň heýkeliniň öňünde etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar, geçirilen döredijilik duşuşyklary bolsa ýaşlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. 

Bu ýerde guralan sergide görkezilen taryhy esbaplar, milli gymmatlyklar, şol sanda ýerli ussat senetkärleriň, heýkeltaraşlaryň ajaýyp eserleri çärä gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi. Obadaky muzeý şahamçasyna guralan gezelenç döredijilik çärelerine gatnaşanlar üçin örän täsirli boldy. Hususan-da, Magtymguly Pyragynyň dogany Zübeýda üçin Hindistandan sowgat getiren çäýnegi hem-de Meňlä niýetlän ýüzügi hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. 

Dabaranyň ahyrynda hem oňa gatnaşyjylar döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirmekde döredip berýän giň şertleridir mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş, hoşallyk sözlerini beýan etdiler.