Ï Göwher Pirgulyýewa-Guwerne «Turkmentextile Expo – 2025» atly halkara sergi-ýarmarkasynda täze lybaslar toplumyny görkezdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Göwher Pirgulyýewa-Guwerne «Turkmentextile Expo – 2025» atly halkara sergi-ýarmarkasynda täze lybaslar toplumyny görkezdi

view-icon 1611
Göwher Pirgulyýewa-Guwerne «Turkmentextile Expo – 2025» atly halkara sergi-ýarmarkasynda täze lybaslar toplumyny görkezdi

Gündogar öwüşginini Ýewropa zynatyna utgaşdyrmak ukyby bilen tanalýan dizaýner Göwher Pirgulyýewa-Guwerne «Turkmentextile Expo – 2025» atly halkara sergi-ýarmarkasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli döreden lybaslar toplumyny görkezdi.

«Dostluk» lybaslar toplumy diňe bir dürli reňk çözgütleri bilen däl, eýsem, taryhy mazmunlara we şoňa ýykgyn etmäge çuňňur üns berýänligi bilen hem tapawutlanýar. Dizaýner öz işlerinde bu medeniýetiň iň ownuk jikme-jikliklerini täzeden döretmek üçin, muzeý eksponatlaryny we gadymy Oks medeniýeti baradaky resminamalary öwrenmek bilen, giňişleýin ylmy agtaryş işlerini geçiripdir.

Topluma ýedi sany awtorlyk lybas girýär, olaryň arasynda köýnekler, geýimler we korsetli düzümler bar. Her bir zat – özboluşly we ýeke-täk nusgada, bu bolsa olaryň taýynyň ýokdugyny nygtaýar.

Görkezilen lybaslaryň arasynda aýratyn orun taryhy jikme-jiklikler bilen bezelen özboluşly possunlardyr. Olaryň birinde bu topraklarda müňlerçe ýyl ozal ýaşan haýwanlardan habar berýän uzyn tüýli iki örküçli düýe şekillendirilipdir. Başga bir possunda bolsa arheologik gazuw-agtaryş işlerinde tapylan heýkeljikleri görmek bolýar. Şeýlelikde, her bir häzirki zaman lybasynyň içinden taryhy kökler eriş-argaç bolup geçýär.

Aşgabatda geçirilen moda görkezilişinde bu lybaslar toplumyny halk täsin galmak bilen kabul etdi.

Göwher Pirgulyýewa-Guwerne halkara moda çärelerine işjeň gatnaşmak bilen, türkmen öwüşginini dünýä sahnalaryna aralaşdyrýar. Şu ýylyň başynda onuň işleri Pariž ýokary moda hepdeliginde we Milanda geçen moda hepdeliginde görkezildi. Zehinli dizaýner iýul aýynda Pariž moda hepdeligine ýene-de gatnaşmak bilen, halkara gatnaşyklary berkitmegini we Türkmenistanyň medeni mirasynyň baýlygyny görkezmegini dowam etdirmekçi.