Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus bolan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlardaky ösüşlerini şertlendirýär. Munuň hakykatdanam şeýledigine Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Balkan» sement zawodynyň zähmet toparynyň durmuşa geçirýän işleriniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.
Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän bu iri önümçilik kärhanasy 50 gektar meýdany tutýar. Özboluşly şäherçäni ýada salýan zawodda tejribeli işçileridir hünärmenleriň, ýokary derejeli inžener-tehniki işgärleriň ýüzlerçesi birnäçe çalşykda zähmet çekýärler. Önümçiligiň gönüden-göni üstünde bolmaly hünärmenleriň, dürli kärdäki işçileriň maşgalalary üçin gurlan dört gatly üç sany, her biri 16 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary şäherçäniň görküne özboluşly gözellik goşýar.
Kuwwatly kärhananyň karýer hojalygyndan başlap, çig maly owradyjy, üweýji, bişiriji bölümlerinde, sement degirmenlerinde işleriň ähli tapgyrlary mehanizmleşdirilen we awtomatlaşdyrylan usulynda alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da awtoulag, mehanika, energetika, awtomatika bölümleriniň, şeýle-de dolandyryş merkezleriniň işleri sazlaşykly ýola goýlup, zerur gurluşyk serişdesiniň önümçiligi bökdençsiz üpjün edilýär. Öndürilýän önümlerem Günbatar sebitiň hem-de ýurdumyzyň çägindäki dürli maksatly gurluşyklara buýurmalar esasynda yzygiderli ugradylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen döwründe hem sarp edijilere 403 müň 192 tonna ýokary hilli sement iberildi. Munuň özi, kärhananyň ösüş depginiň 129 göterim amal edilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Hünärmenleriň gürüň bermeklerine görä, önüm öndürmekde zerur bolan hek daşy, toýun, kwars çägesi, gips we demir magdany hem Günbatar sebitiň çäginden alynýar. Sement öndürmek, gurluşyk senagatyny ösdürmek üçin gerekli çig mal serişdeleriniň gürrüňi edilýän zawodyň golaýyndaky dag-magdan känlerinden alynmagy sement önümçiligini çalt depginlerde giňden guramaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de öndürilýän ýokary hilli sementiň özüne düşýän gymmatyny peseldip, içerki we daşarky bazarlarda geçginli haryda öwrülmegini üpjün edýär.