Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Ylymlar güni mynasybetli türkmen suratkeşleriniň suratlarynyň we heýkelleriniň sergisi açyldy.
Däp bolşy ýaly, bu muzeýdäki bu baýramçylyga bagyşlanan her sergi Yzzat Gylyjowyň «Fizikler» suraty bilen açylýar. Oňa naýbaşy žiwopis eseri diýse bolar. Türkmenistanyň halk suratkeşi alymlar toparyny göz öňüne getirişi ýaly suratlandyrypdyr. Suratda gündelik durmuşyň aladalaryndan üzňe, durky bilen ylmy gözleglere berlen adamlaryň aýratyn bir topary şekillendirilipdir. Nakgaş olary döwrebaplykdan birnäçe ädim öňde ýaly suratlandyrýar. Bu alymlaryň özüni alyp barşynda, durşunda we hatda geýinişlerinde-de duýulýar.
Tokar Tugurowyň «Olar Güne erk edýärler» atly suraty Yzzat Gylyjowyň «Fizikler» suraty ýaly. «Gün» YÖB-niň alymlary gün şöhlelerinde şekillendirilýär. Awtoryň girizen ýagtylyk we kölege usuly suratyň täsirini güýçlendirýär. Gün şöhlesiniň hadysalaryny öwrenýän alymlaryň ýüz keşbi, halan işine yhlasy we söýgüsi bilen haýran galdyrýar.
Bu suratlaryň gapdalynda näbelli awtoryň «Atomyň maketi» heýkeli görkezilýär. Bu üýtgeşik kompozisiýa tomaşaçylary töwereginde hereket edýän elektronlaryň zerre bölejikleri bilen tanyşdyrýar. Kompozisiýa seredeniňde munuň özümiziňdigini we daş-töweregimizdäki zatlardygyny göz öňüne getirmegem kyn.
Mommy Seýitmyradowyň kiçi göwrümli «Ibn Sina» heýkeli güýçli täsir galdyrýar. Gündogaryň beýik alymy Abu Aly Ibn Sina kagyzyň üstüne eglip dur, belki ol lukmançylyk kanunlarynyň üstünde işleýändir.
Serginiň aýratyn bölümi ýurduň ylymyna uly goşant goşan türkmen alymlarynyň portretleridi. Olaryň arasynda geotektonikany öwrenýän «Professor Ödek Ödekow» we lukmançylygyň meselelerini öwrenýän «Professor Aýsoltan Mämmetgulyýewa» ýaly portretler bar. Iki eseriň hem awtory Nyýazmyrat Dowodow.
Iki portret görnükli seçgiçilere - Iwan Maksimenko we Ömürguly Ahmedowa bagyşlanýar. Birinji portreti Mämmet Mämmedow, ikinjisini Ýewgeniý Grişin çekipdir.
Sergi «Türkmenler hakda aýdym» suraty bilen jemlenýär. Ata Akyýewiň monohrom usulynda çeken suratynda özüni ylma bagyş eden adamlar hakda aýdym aýdýan bagşy şekillendirýär. Nakgaşyň suratyndaky alymlar durky bilen ylmy barlaglara berlen maksadaokgunly şahsyýetler.
Türkmen suratkeşleriniň Ylymlar gününe bagyşlanan işleriniň sergisi ömrüni ylym bilen baglanyşdyran adamlara tüýs ýürekden hormat döredýär.