Ï Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY

view-icon 9744

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini dabaraly ýagdaýda we ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli we bu işleri utgaşdyrmaly.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 20-nji awgusty.