Ï Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy CAFA-2025 Milletler kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy CAFA-2025 Milletler kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşar

view-icon 7827
Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy CAFA-2025 Milletler kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşar

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary 29-njy awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda Täjigistanda we Özbegistanda geçiriljek CAFA-2025 Milletler kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşarlar.

Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) taryhyndaky ikinji gezek geçiriljek bu ýaryşda jemi 8 ýygyndy toparlarynyň – Owganystanyñ, Eýranyñ, Gyrgyzystanyñ, Täjigistanyñ, Türkmenistanyñ, Özbegistanyñ şeýle hem CAFA agza bolan Hindistanyň we Omanyň milli ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda geçiriler.

Ýaryşyň ilkinji tapgyrynda toparlar iki toparça bölünerler. Geçirilen bije çekişligiň netijelerine görä, Türkmenistanyň milli ýygyndy topary «A» toparçasynda çykyş eder. Biziň milli ýygyndy toparymyzyň garşydaşlary – Özbegistan, Gyrgyzystan we Omanyň ýygyndy toparlary bolar. Türkmenistanyň ähli duşuşyklary Daşkent şäherindäki «Jar» we Olimpiýa stadionlarynda geçiriler.

Duşanbe şäherinden 12 kilometr günbatarda ýerleşýän «Hisar» merkezi stadionynda geçiriljek «B» toparçada Owganystanyň, Hindistanyň, Eýranyň we Täjigistanyň milli ýygyndy toparlary duşuşarlar.

CAFA Milletler kubogy ugrundaky ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda toparçadaky duşuşyklar bir tapgyrda oýnalar. Toparyň ýeňijileri soň finalda duşuşarlar we ikinji ýeri eýelän toparlar üçünji ýer ugrunda bäsleşer.

Ýaryşa taýýarlyk maksady bilen Türkmenistanyň milli ýygyndysy baş tälimçi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygynda Daşkent şäherinde türgenleşik geçýärler. Oňa ýurdumyzyň 4 toparyndan we daşary ýurtly 2 topardan jemi 24 futbolçy çagyryldy.

Derwezebanlar: Rasul Çaryýew, Rustem Ahallyýew (ikisi hem – «Arkadag»), Muhammet Öwezow («Şagadam»).

Goragçylar: Wepa Jumaýew («Witebsk», Belarus), Bagtyýar Gürgenow («Ahal»), Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow, Berdimyrat Rejebow, Yhlas Toýjanow, Güýçmyrat Annagulyýew (hemmesi – «Arkadag»).

Ýarym goragçylar: Rahman Myratberdiýew («Altyn asyr»), Gurban Annaýew («Ahal»), Ýazgylyç Gurbanow, Arzuwguly Sapargulyýew, Mirza Beknazarow, Welmurat Ballakow, Ahmet Ataýew, Yhlas Saparmämmedow (hemmesi – «Arkadag»).

Hüjümçiler: Mihail Titow («Uzgen», Gyrgyzystan), Begenç Akmämmedow, Altymyrat Annadurdyýew, Şamämmet Hydyrow, Didar Durdyýew, Şanazar Tirkişow (hemmesi – «Arkadag»).

Türkmen futbolçylary ilkinji duşuşygyny 30-njy awgustda Gyrgyzystanyň topary bilen geçirerler. Soňra 2-nji sentýabrda Özbegistanyň topary bilen duşuşarlar, 5-nji sentýabrda bolsa Omanyň topary bilen toparçadaky soňky duşuşygyny geçirerler.

Erkekleriň arasynda CAFA Milletler kubogy ugrundaky ýaryşy iki ýylda bir gezek geçirilýär. Öňki ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Täjigistanyň topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnap, Özbegistanyň we Omanyň toparlaryndan 0:2 hasabynda ýeňilip, «A» toparçadan çykyp bilmedi.

Häzirki CAFA çempiony Daşkent şäherinde geçirilen final duşuşygynda Özbegistanyň toparyny 1:0 hasabynda ýeňen Eýranyň milli ýygyndysydyr. 48-nji minutda Serdar Azmun ýeňiji pökgini tora girizdi.

CAFA-2023 Milletler kubogy ugrundaky ýaryşynda geçirilen duşuşykda Omanyň milli ýygyndysy Gyrgyzystanyň futbolçylaryny 1:0 hasabynda ýeňdi we bürünç medallaryň eýesi boldy.