Ï Aziýa Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyry: Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Butanyň ýygyndysyny ýeňdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aziýa Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyry: Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Butanyň ýygyndysyny ýeňdi

view-icon 6751
Aziýa Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyry: Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Butanyň ýygyndysyny ýeňdi
camera-icon
AFK

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň futbolçylary Iordaniýanyň paýtagty Amman şäherinde geçirilýän 2026-njy ýylda 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda ikinji ýeňşini gazandy.

Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyna garşy duşuşygynda 5:1 hasabynda gazanan ilkinji uly ýeňşinden soň Ahmet Agamyradowyň şägirtleri Butanyň ýygyndysyndan 2:0 hasabynda üstün çykdylar.

Birinji tapgyrda Butanyň ýygyndysy 0:11 hasabynda Iordaniýanyň ýygyndysyndan utuldy, bu bolsa toparymyzda duşuşykda ýeňiş gazanmaga umyt döretdi. Emma duşuşygyň gidişiniň görkezişi ýaly, türkmen futbolçylary Butanyň ýygyndysyny ýeňmek üçin, köp «jan» etmeli boldular.

Türkmenistanyň ýygyndysy başlangyç jürlewükden oýnuň hörpüni ele alyp, 12-nji minutda Kelzaň Jigmi jerime meýdançasynda Daýanç Meredowy ýykanyndan soň, Söhbet Durdyýewiň jerime urgusyny üstünlikli amala aşyrmagy bilen, hasaby açdylar.

Ildeşlerimiz arakesmeden öň garşydaş derwezä ýene birnäçe pökgi geçirip bilerdiler. Hüjümleriň birinde Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyna garşy duşuşykda üç pökgi geçiren D.Meredow derwezä howply urgy urdy, ýöne derwezeçi Lhoço Nima ony yzyna gaýtardy. Ol, şeýle hem, Azizbek Bekjanowyň uran topuny-da yzyna gaýtardy. 

Duşuşygyň birinji ýarymynyň ahyryna 5 minut galanda, Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparynyň ýarym goragçysy A.Bekjanow derwezeçini aldap geçdi, ýöne bu gezek Butanyň ýygyndysyna derwezäniň diregi kömek etdi.

64-nji minutda toparymyz ýene-de gol salmaga ýakynlaşdy: Magtymberdi Berenowyň burçdan uran pökgüsi göni derwezä barýardy, emma Kinli Penjor kellesi bilen urup, ony kese agajyň astyndan alyp çykdy.

Türkmen futbolçylary hüjümi barha güýçlendirýärdiler we goşmaça wagtda munuň serpaýyny aldylar. 93-nji minutda, oýna täze giren derwezeçi Sonam Çoda «Ahal» toparynyň ýarymgoragçysy Begenç Mämiýewiň uran topuny yzyna gaýtardy, aldym-berdimli ýere ilkinji bolup ýetişen «Köpetdag» toparynyň hüjümçisi Daýanç Meredow hasaby gutarnykly etdi – 2:0.

Ikinji tapgyryň başga bir duşuşygynda Iordaniýanyň ýygyndysy Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyny 6:0 hasabynda uly ýeňlişe sezewar etdi. Ýeňen tarapda Mo'men Al-Saket (32-nji we 52-nji minut) iki top geçirdi, Odeh Al-Fakhuri (36-njy), Ali Azaizeh (43-nji) we Muhammet Abuhazim Kahlan (45+1) dagynyň hersi bir top saldy. Ýene bir topy Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysynyň oýunçysy Huaň Çuň-Lin 81-nji minutda öz derwezesinde tora girizdi.

Şeýlelikde, iki tapgyrdan soň Iordaniýanyň we Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň hersi 6 utuk toplady, ýöne Iordaniýanyň ýygyndysynyň salan we goýberen gollarynyň tapawudynyň gowulygy sebäpli, birinji setiri eýeleýärler. Jemleýji tapgyrda toparlar ýene duşuşarlar. Bu duşuşygyň netijesinde «A» toparçada 2026-njy ýyldaky Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda oýnamak hukugyny kimiň aljakdygy kesgitlener.

Aziýa Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyrynda ýaşlar ýygyndysynyň 44-si toparçalaryň 11-sinde bäsleşýärler. Toparlaryň ýeňijileri, şeýle hem ikinji orny eýelänleriň arasynda iň oňat ýygyndylaryň dördüsi, 2026-njy ýylyň 7 – 25-nji ýanwary aralygynda ilkinji gezek Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk alarlar. Saud Arabystanynyň ýaşlar topary ýer eýesi hökmünde ýaryşyň soňky tapgyryna gatnaşmaga gönüden-göni hukuk aldy.

Beýleki toparçalardaky 2-nji tapgyryň netijeleri:

«B» toparça (duşuşyklar Mýanmanyň Ýangon şäherinde geçirilýär): Mýanma – Ýaponiýa – 1:2, Owganystan – Kuweýt – 0:1. Toparlaryň ýagdaýy: Ýaponiýa – 6 utuk, Kuweýt – 4, Mýanma – 1, Owganystan – 0.

«C» toparça (duşuşyklar Wýetnamyň Wýetçi şäherinde geçirilýär): Bangladeş – Ýemen – 0:1, Singapur – Wýetnam – 0:1. Toparlaryň ýagdaýy: Wýetnam – 6 utuk, Ýemen – 6, Singapur – 0, Bangladeş – 0.

«D» toparça (duşuşyklar Hytaýyň Sian şäherinde geçirilýär): Gündogar Timor – Awstraliýa – 0:6, Demirgazyk Mariana adalary – Hytaý – 0:10. Toparlaryň ýagdaýy: Awstraliýa – 6 utuk, Hytaý – 6, Gündogar Timor – 0, Demirgazyk Mariana adalary – 0.

«E» toparça (duşuşyklar Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirilýär): Şri-Lanka – Palestina – 0:5, Gyrgyzystan – Özbegistan – 2:2. Toparlaryň ýagdaýy: Özbegistan – 4 utuk, Gyrgyzystan – 4, Palestina – 3, Şri-Lanka – 0.

«F» toparça (duşuşyklar Tailandyň Pathumthani şäherinde geçirilýär): Mongoliýa – Malaýziýa – 0:7, Liwan – Tailand – 2:2. Toparlaryň ýagdaýy: Tailand – 4 utuk, Liwan – 4, Malaýziýa – 3, Mongoliýa – 0.

«G» toparça (duşuşyklar Kambojanyň Pnompen şäherinde geçirilýär): Oman – Yrak – 0:1, Pakistan – Kamboja – 0:1. Toparlaryň ýagdaýy: Yrak – 6 utuk, Kamboja – 4, Oman – 1, Pakistan – 0.

«H» toparça (duşuşyklar Kataryň Doha şäherinde geçirilýär): Bruneý – Bahreýn – 0:10, Hindistan – Katar – 1:2. Toparlaryň ýagdaýy: Katar – 6 utuk, Bahreýn – 3, Hindistan – 3, Bruneý – 0.

«I» toparça (duşuşyklar Abu Dabide, BAE-de geçirilýär): Guam – Eýran – 0:6, Gonkong – BAE – 0:2. Toparlaryň ýagdaýy: BAE – 6 utuk, Eýran – 6, Gonkong – 0, Guam – 0.

«J» toparça (duşuşyklar Indoneziýanyň Sidoarjo şäherinde geçirilýär): Laos – Koreýa Respublikasy – 0:7, Makao – Indoneziýa – 0:5. Toparlaryň ýagdaýy: Koreýa Respublikasy – 6 utuk, Indoneziýa – 4, Laos – 1, Makao – 0.

«K» toparça (duşuşyklar Täjigistanyň Duşanbe şäherinde geçirilýär): Nepal – Siriýa – 2:4, Filippinler – Täjigistan – 1:0. Toparlaryň ýagdaýy: Siriýa – 6, Täjigistan – 3, Filippinler – 3, Nepal – 0.