Ï Garaşsyzlyk baýramyna täze sahna eseri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyzlyk baýramyna täze sahna eseri

view-icon 2922
Garaşsyzlyk baýramyna täze sahna eseri

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary ýurt Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk şanly toýuna mynasyp baýramçylyk sowgadyny taýýarladylar. Olar bu şanly sene mynasybetli dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan taryhy «Syrak» sahna oýnuny sahnalaşdyrmagy tamamlap, ilkinji görkezilişini teatr muşdaklaryna hödürlediler. 

Täze sahna oýnunyň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uçurymy, ýaş režissýor Döwran Joraýewiň ilkinji işidigine garamazdan, sahna eseriniň ilkinji görkezilişine gatnaşan teatr işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, sungaty öwrenijiler tarapyndan gowy baha mynasyp boldy. Sahna oýnunda halkymyzyň taryhyna şan getiren, ady rowaýata öwrülen gerçek türkmen ýigidi Syragyň ata Watanyny, ene topragyny gorap, janyny orta goýmagy we duşman leşgerinden bir özüniň üstün çykandygy görkezilýär. Durmuşyň kynçylyklaryna döz gelip, sähra çykan, şol ýerde hem özüni çopan ýigidi diýip tanadan Syragyň müňlerçe duşman leşgerini uç-gyraksyz Garagum sährasynyň jümmüşine alyp gidişi we ol ýerde duşmanlaryň ählisiniň suwsuz heläk bolşy eserde ynandyryjy beýan edilýär. 

Sahna eserinde Syragyň keşbini döreden Türkmenistanyň at gazanan artisti Babamyrat Aşyrowyň, onuň adaglysy, asylly türkmen gyzy Gülçyragyň keşbinde oýnan Ogulbossan Ýazjumaýewanyň, şeýle hem Syragyň atasy Ärtegiň we eneliginiň keşplerini döreden Türkmenistanyň halk artisti Babageldi Rejebowyň we Aýna Rozyýewanyň zähmetleriniň ýerine düşendiklerini bellemek bolar. Sahna oýnunda ýaş artist Remezan Allaberdiýewiň hem Syragyň öweý dogany Körpeşiň keşbine köp zähmet siňdirendigi görünýär. Taryhy eseriň sahna bezegini ýerine ýetiren Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Haýtyýewiň täze gözlegleri ýerine düşüpdir. 

Sahna oýnunyň dowamynda Ylýas Gurbanowyň işlän sazlary onuň mazmuny bilen utgaşýar. Watançylyk, gahrymançylyk temasyna bagyşlanan bu eser ýaş nesiller üçin watansöýüjiligiň nusgasy hökmünde orta çykýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli sahnalaşdyrylan bu eser şanly baýrama teatryň döredijilik toparynyň mynasyp sowgady diýip buýsanç bilen aýdyp bolar.