Ï Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi

view-icon 3295
Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi

1-nji oktýabrda paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre ýaşuly nesle bolan hormatyň beýany boldy.

«Ýaşulular – jemgyýetiň paýhas mekdebi»,  «Döwürlere ýörelge, nesillere görelde siz, ýaşulular!» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk duşuşygynda aýdym-sazly çykyşlar hem-de ýurdumyzyň hormatly ýaşulularyny sylaglamak dabarasy boldy.

Baýramçylyga gelen myhmanlardan Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, şahyr Bahargül Kerimowa bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol Türkmenistan döwletimizde ýaşululara aýratyn üns berilýändigini, islendik bir döwlet ähmiýetli işiň ýaşuly nesil bilen maslahatlaşylýandygy, nesil terbiýesinde hem ulularyň öwüt-ündewlerine eýerilýändigi barada aýdyp, ýurdumyzda ýaşuly nesle goýulýan hormat-sarpa, olara berilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşlar aýtdy.