Ï Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etrap kazyýetlerini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etrap kazyýetlerini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

view-icon 3076

Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kazylarynyň we kazyýet işgärleriniň umumy sanynyň çäklerinde:

1) Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap kazyýetini;

2) Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag etrap kazyýetlerini;

3) Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap we Garabekewül etrap kazyýetlerini;

4) Mary welaýatynyň Oguzhan etrap kazyýetini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabry.