Ï Aşgabatda Koreý medeniýetiniň festiwaly geçiriler we teatrlarda täze sahna oýunlary görkeziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň festiwaly geçiriler we teatrlarda täze sahna oýunlary görkeziler

view-icon 2424
Aşgabatda Koreý medeniýetiniň festiwaly geçiriler we teatrlarda täze sahna oýunlary görkeziler

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary ýakyn günlerde baý mazmunly medeni maksatnamadan lezzet alyp bilerler. Şekillendiriş sungatyny söýüjiler sergilere, aýdym-saza gadyr goýýanlar bolsa konsertlere baryp bilerler, teatr toparlary hem tomaşaçylary garaşylmadyk sowgat bilen begendirerler.

3-nji oktýabrda sagat 16:00-da Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde Çarymyrat Ýazmyradowyň «Beýanyny reňklerde tapan şygryýetim» atly şahsy sergisiniň açylyş dabarasy bolar, sergi suratkeşiň 50 ýaşynyň dolmagy mynasybetli guralýar.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy koreý medeniýetiniň festiwalyna çagyrýar.

3-nji oktýabrda sagat 17:00-da «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde koreý däp-dessurlaryna we sungatyna bagyşlanan çäre geçiriler. Bu maksatnama kalligrafiýa boýunça ussatlyk dersleri, «Hanbok» atly adaty koreý lybasy bilen tanyşlygy we «Koreýa syýahat» mowzuky fotozolak işlerini öz içine alar. Giriş tölegsizdir.

4-nji oktýabrda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Günorta Koreýadan gelen ýerine ýetirijiler – tenor Kwon Hwapýoň we metstso-soprano Kwon Mi-jiniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikdäki konserti bolar. Giriş tölegsizdir.

5-nji oktýabrda sagat 17:00-da Aşgabadyň Berkararlyk etrabynda ýerleşýän Medeniýet merkezinde «TA-TaL» çagalar studiýasy «Japbaklar» sahna oýnuny görkezer.

Paýtagtymyzyň teatrlarynda täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişi bolar.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

03.10.2025. «Bir gijäniň gudraty» – 19:00;

04.10.2025. «Söweşe garşy söweş» – 19:00-da;

05.10.2025. «Söweşe garşy söweş»– 19:00-da.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

04.10.2025. «Romeo we Julýetta» – 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

03.10.2025: «Индийская любовь» 19:00; 

04.10.2025: «В гостях у сказки» 12:00;

04.10.2025: «Эти свободные бабочки» 19:00;

05.10.2025: «Дюймовочка» 11:00; 13:00;

05.10.2025: «Волки и овцы» 19:00.