Ï Türkmen samboçylary Indoneziýada ýaşlaryň arasynda geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynda iki kümüş medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen samboçylary Indoneziýada ýaşlaryň arasynda geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynda iki kümüş medal gazandylar

view-icon 2217
Türkmen samboçylary Indoneziýada ýaşlaryň arasynda geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynda iki kümüş medal gazandylar

Türkmenistanly türgenler Indoneziýada ýaşlaryň arasynda sambo boýunça geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinji gününde iki kümüş medal gazandylar.

Ýaryş Günbatar Ýawanyň gözel görnüşli Bogor sebitinde, dünýäniň iň güýçli ýaş samboçylarynyň ýygnanan «JSI Resort Megamendung» arenasynda geçirilýär. Ol ýerde üç günüň dowamynda 16-18 ýaşly hem-de 18-20 ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda sport we göreş sambosy boýunça 37 medal toplumy ugrunda bäsleşerler. 

Ýaryşyň düzgünine laýyklykda, her türgen diňe bir ugur boýunça, bir ýaş we bir agram toparynda çykyş edip bilýär.

Türkmen türgenleri kümüş medalyň ikisini-de söweş sambosy boýunça ýetginjekleriň arasynda geçen ýaryşda gazandy. Iň güýçli diýen ady almak üçin 8 türgeniň bäsleşen 64 kilograma çenli agram toparynda bu üstünligi Türkmenistanyň Söweş sungatlary milli federasiýasyndan 18 ýaşly Resul Jebraýylow gazandy. Ol çärýek finalda Nurasyl Klyşbaýewi (Gazagystan) 3:0 hasabynda ýeňdi, ýarym finalda bolsa Handezka Wiktoriasdan (Indoneziýa) üstün çykdy, emma Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) baýdagy astynda çykyş eden russiýaly Daniil Kudýakowdan asgyn gelip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Bu toparda bürünç medala indoneziýaly Handezka Wiktorias we gyrgyzystanly Aýbaz Orozbekow mynasyp boldy.

Toparymyzda ýene bir kümüş medaly Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ikinji ýyl talyby, 19 ýaşly Mälikberdi Begiýew gazandy. Ol bu üstünlige sekiz türgeniň çykyş edýän 88 kilograma çenli agram toparynda ýetdi. Çärýek finalda M.Begiýew Zemzi Delnaidany (Indoneziýa) 8:0 hasabynda gutarnykly ýeňlişe sezewar etdi, ýarym finalda Leko Terpstrany (Niderlandlar) ýeňdi, ýöne finalda FIAS-yň baýdagy astynda çykyş edýän russiýaly Demid Wolkowdan 0:4 hasabynda ýeňildi. Bürünç medala gollandiýaly Leko Terpstra we gazagystanly Sanat Žamankul mynasyp boldy.

FIAS-yň başlygy Wasiliý Şestakowyň pikiriçe, Indoneziýada ýaşlaryň arasynda sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek Günorta-Gündogar Aziýada sambonyň ornuny berkitmek ugrundaky strategik möhüm ädimdir. Şeýle ýokary derejeli ýaryş Aziýa sebitinde sambonyň taryhynda täze, şanly bir bap açýar we onuň barha artýan dünýä meşhurlygyny nygtaýar.

Bäsleşik dowam edýär.