Ï Aşgabatda Koreýanyň medeniýet hepdeligi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Koreýanyň medeniýet hepdeligi geçirilýär

view-icon 1681
Aşgabatda Koreýanyň medeniýet hepdeligi geçirilýär

Paýtagtymyzdaky «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde Koreýanyň medeniýet hepdeliginiň çäginde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan çäre geçirildi. 

Bu çäre Koreýanyň milli däp-dessurlary we häzirki zaman medeniýeti bilen tanyşmak isleýän köp sanly myhmanlary özüne çekdi. Tomaşaçylar esasan ýaşlardan we ýetginjeklerden ybaratdy, sebäbi koreý medeniýeti, esasanam K-pop tansy, dostluk we toparlaýyn işleşmegiň gymmatlyklaryny görkezýär.

Myhmanlar üçin baý we gyzykly interaktiw maksatnama taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda Koreýanyň tebigatynyň gözel ýerleriniň ýanynda surata düşülýän ýörite meýdança, koreý kalligrafiýasy arkaly öz adyň ýazylan sowgatlygy taýýarlamak mümkinçiligi, şeýle-de K-Pop tanslaryna bagyşlanan wideo şekilleriň görkezilişi boldy. Çäräniň iň täsirli pursatlarynyň biri bolsa Koreýanyň milli lybasy bolan hanbogy geýip görmek boldy. Iň işjeň gatnaşyjylar bolsa ýörite döredilen bäsleşikde Koreýa baradaky bilimlerini synap gördüler.

Çärä gatnaşan her bir myhman Koreýadan kiçijik ýadygärlik sowgatlary, ajaýyp suratlary hem-de ýakymly ýatlamalary özi bilen alyp gitdi.