Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly biziň ýurdumyzyň taryhyndaky möhüm wakalar bilen gabat geldi. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň tassyklananyna 30 ýyl doldy.
Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Garaşsyzlyk ýyllarynda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça uly işler edildi.
Saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasyny ösdürmekde hem uly üstünlikler gazanyldy. Döwrebap lukmançylyk merkezleri guruldy, täze hassahanalar we saglyk öýleri açyldy, maddy-tehniki binýat döwrebaplaşdyryldy. Saglygy goraýyş ulgamynyň we lukmançylyk senagatynyň yzygiderli ösüşi dowam edýär. Ýerli çig mallardan taýýarlanan bejeriş çaýlary we dermanlary goşmak bilen, ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň görnüşleri giňelýär.
Enäniň we çaganyň saglygyny goramak esasy ileri tutulýan ugur bolup durýar, bu bolsa döwrebap halkara lukmançylyk merkezleriniň döredilmeginde öz beýanyny tapýar. «Akylly» Arkadag şäherinde döwrebap lukmançylyk klasteriniň gurluşygy amala aşyrylýan özgerişlikleriň giň gerimli mysalydyr.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy esasy orny eýeleýär. Bu gazna mätäç çagalara toplumlaýyn goldaw berýär: çylşyrymly operasiýalary we bejergini maliýeleşdirýär, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam edýär, lukmançylyk edaralarynyň we çagalar öýleriniň işini goldaýar, şeýle hem ynsanperwerlik kömegini gowşurýar.
Giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde paýtagtymyzda Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa we Halkara Pediatriýa merkezleri gurulýar. Şeýle hem sebitlerde döwrebap edaralaryň gurluşygy meýilleşdirilýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ähli toplumy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mundan beýläk-de ösdürilýär. Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyny (BSGG) goşmak bilen, halkara hyzmatdaşlar we Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ugurdaş düzümleri bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeldip, ylmy diplomatiýa üçin täze ugurlary hödürleýär.
Öňdebaryjy dünýä tejribesini derrew alyşmak we ornaşdyrmak maksady bilen, sanly kommunikasiýalar we telelukmançylyk ýaly döwrebap tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Bu raýatlaryň saglygyny mundan beýläk-de berkitmek we öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.