Ï Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

view-icon 2624
Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Ýakyn wagtda Azerbaýjanyň ýaşaýjylary türkmen halkynyň baý we özboluşly medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitindäki eden çykyşynda aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň gatnaşyklarynyň düzüminde medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ornuň degişlidigine, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň bolsa türki halklarynyň özboluşly milli aýratynlyklaryny, ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, ösdürmek we dünýäde wagyz etmek üçin örän uly ähmiýete eýedigine ünsi çekdi.

«Bilelikdäki medeni-köpçülik çärelerini guramak boýunça işleri güýçlendirmegi teklip edýäris. Hususan-da, Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça biziň durmuşa geçirýän uly işlerimiz bar we olar köpdür. Ýakyn wagtda biz Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi meýilleşdirýäris» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.