Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli mirasymyzyň iň naýbaşylarynyň biri bolan halyçylyk sungaty täze röwşe eýe bolýar. Häzirki wagtda ene-mamalarymyzyň nesillere peşgeş goýan bu sungatyny mynasyp dowam edýän çeper elli gelin-gyzlarymyzyň dokaýan ajaýyp halylary dünýäde aýratyn meşhurlyga eýedir.
Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen 14-nji mejlisiniň dowamynda «Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karary bolsa, milli mirasymyza, çeper elli zenanlarymyzyň asyrlar boýy çeken zähmetine dünýä derejesinde goýulýan belent sarpanyň dünýä derejesinde ýüze çykmasydyr. Halyçylyk sungaty ýurdumyzyň ähli sebitinde bolşy ýaly Lebap welaýatynda hem giňden ýaýrandyr. Gündogar sebitde «Gyzylaýak», «Beşir», «Ärsary» gölleri salnyp dokalýan halylar çitimleriniň sany, reňkleri, welaýatyň tebigy aýratynlyklaryny özboluşly beýan edýänligi bilen tapawutlanýar. Oňa «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda dokalýan halylaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.
Ýurdumyzda iň iri halyçylyk kärhanalarynyň biri bolan bu ýerde döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýandygy hem buýsandyryjy ýagdaýdyr. Kärhananyň çeper elli halyçylary tarapyndan şu ýylyň 9 aýynda 3 müň 119 inedördül metr haly dokalyp, geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 144 göterime barabar bolupdyr. Bu kärhanada yzygiderli gözlegleriň dowam edýändigini hem aýdyp geçmek bolar. Milletiň milli ruhuny, türkmen zenanynyň kalbynyň owazyny, ajaýyp türkmen tebigatyny şöhlelendirýän halyçylyk sungatynyň gadymy nusgalary bilen birlikde bagtyýar zamanamyzyň belent ruhuny, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerini, Diýarymyzyň gün-günden özgerýän nurana keşbini açyp görkezýän nusgalar döredilýär, dürli ölçegdäki, dürli görnüşdäki halylar dokalýar.
Bu ýerde adaty ölçegdäki halylar bilen birlikde ýörite buýurmalar esasynda täze nusgadaky göller çitilen äpet halylaryň, binalaryň ölçeglerine görä tegelek, trapesiýa görnüşdäki halylaryň dokalmagy ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamalarydyr. Şeýle hem kärhanada horjun, zenanlaryň ýantorbasy, gapylyklar we beýleki dürli görnüşli sowgatlyk haly we haly önümleri hem dokalyp alyjylara hödürlenýär.