Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň yza süýşürilen duşuşygynda «Ahal» toparynyň futbolçylary Aşgabadyň «Köpetdag» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi.
Duşuşyk paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçdi.
Häzirki milli çempionatda bu garşydaş toparlaryň arasyndaky üçünji duşuşykdy. Ilkinji iki duşuşyk «Ahal» toparynyň ynamly ýeňişleri bilen tamamlanypdy: 4:0 – birinji tapgyrda, 3:0 – ikinji tapgyrda.
Bu gezek «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyna ýeňşi Bagtyýar Gürgenowyň (23-nji minut) we Akmämmet Metdaýewiň (89-njy minut) geçiren toplary getirdi.
«Ahal» toparynyň utuşsyz dört oýun yzygiderliginiň arasyny üzüp, oýnan 19 oýnunda 36 utuk toplamak bilen, özünden üç oýny artyk oýnap, ýaryş sanawynda ikinji orunda barýan «Altyn asyr» topary bilen utuk aratapawudyny dört utuga çenli azaltdy. Milli çempionatda «Arkadag» topary öňde barýar, onuň 21 oýundan soň 63 utugy bar.
«Ahal» topary üçin «Köpetdag» topary bilen geçirilen duşuşyk 21-nji oktýabrda Yspyhanda geçiriljek AFK-nyň Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynda Eýranyň «Sapahan» topary bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda gowy güýç synagy boldy. Ondan öň Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) Hindistanyň «Mohun Bagan» toparyny Eýranyň «Sepahan» topary bilen duşuşyga gelmändigi üçin AFK-nyň Çempionlar ligasynyň oýunlaryndan çykardy we, şunuň bilen baglanyşyklylykda, «Ahal» toparynyň birinji tapgyrda Kalkutta şäherinde hindi çempionyny sezewar eden 1:0 hasabyndaky ýeňşini hasap etmedi. Şeýlelik bilen, iki tapgyrdan soň AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň «C» toparçasynda alty utuk toplan Iordaniýanyň «Al-Huseýn» topary öňde barýar, ol öz meýdançasynda «Sepahan» toparyny 1:0, «Ahal» toparyny 4:1 hasabynda ýeňipdi.
Ozal «AFK-nyň Kubogy» diýlip atlandyrylan AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn ýaryşyna geografik alamatlary boýunça, iki – Günbatar we Gündogar zolaga bölünen 22 ýurtdan 31 topar gatnaşýar.
1/8 final duşuşyklaryna her toparçadan iň gowy iki topar çykar.