Ï Türkmenistanda hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

view-icon 2690
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

20 – 26-njy oktýabry aralygynda ýurdumyzyň çäginde maýyl, ýagynsyz howa bolar. Şeýle-de bolsa howanyň gündizki we gijeki temperaturasynyň arasynda uly tapawut bolar. Gijelerine howanyň temperaturasy +10 gradusa çenli peseler, käbir welaýatlarda bolsa howanyň gijeki temperaturasy +2 gradus bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +23…+25 gradusdan +27…+29 gradusa çenli, gijelerine +10…+12 gradusdan +14…+16 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +22…+27 gradusdan +25…+30 gradusa çenli, gijelerine +7…+12 gradusdan +11…+16 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +24…+29 gradus, gijelerine +10…+15 gradusdan +14…+19 gradusa çenli maýyl bolar. Kenarýaka sebitlerde gündizki howanyň temperaturasy +18…+23 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +22…+27 gradusdan +26…+31 gradusa çenli, gijelerine +6…+11 gradusdan +9…+14 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +20…+25 gradusdan +27…+32 gradusa çenli, gijelerine +4…+9 gradusdan +9…+14 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +14…+19 gradusdan +20…+25 gradusa çenli, gijelerine +2…+7 gradusdan +7…+12 gradusa çenli maýyl bolar.