Bu hepde tolgundyryjy wakalardan doly geçdi, olaryň iň esasysy bolsa Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň ussahanasynda onuň dürli ýyllarda döreden eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Şu umumy synda başga nähili medeni çäreleriň geçirilýändigini we haýsy sahna oýunlarynyň sahnalaşdyrylýandygy barada aýdýarys.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Maksat we Dilaram Hojaýynowlaryň şahsy sergisi açyldy, onda Maksat Hojaýynowyň döreden heýkelleri we Dilaram Hojaýynowanyň çeken täsirli hyýaly suratlary görkezilýär. Bu ýerde olaryň gyzjagazy hem ilkinji gezek akwarel işlerini görkezdi.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy Türkmen alabaýynyň baýramyna gabatlap açylan «Türkmen alabaýy» atly döredijilik bäsleşik sergisine gatnaşmaga çagyrýar.
Türkmenistanyň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry «Durna ýelekleri» atly ýapon ertekisiniň täzeden sahnalaşdyrylan görnüşini taýýarlaýar. Sahna oýnunda hoşniýetlilik we birek-birege goldaw bermek hakynda gürrüň berler. Režissýor K.Aşyrow bu sahna oýnuna teatryň esasy sahna ussatlaryny çekipdir.

Paýtagtymyzyň teatr sahnalarynda aşakdaky sahna oýunlary görkeziler:
Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:
18.10.2025. «Hindi rowaýaty» –19.:00;
19.10.2025. «Gelinler» – 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:
18.10.2025. «Päk söýginiň güýji» – 19:00.
19.10.2025. «Ene» – 19:00.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:
18.10.2025. «Gyzyl alma» – 19: 00;
19.10.2025. «Gülki sowgady» – 19:00.
S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry.
18.10.2025: «Красная шапочка» 12:00;
18.10.2025: «Одна испанская ночь» 19:00;
19.10.2025: «Бовенджик» 11:00; 13:00;
19.10.2025: «Андро и Сандро» 19:00
Mollanepes adyndaky talyplar teatry:
18.10.2025. «Arşyn mal alan» 19:00;
19.10.2025. «Gülki agşamy» – 19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatry:
18.10.2025. «Alýaňak» – 17:00;
18.10.2025. «Çagaly öý – bazar» – 19:00;
19.10.2025. «Böwenjik» – 12:00; 17:00;
19.10.2025. «Çagaly öý – bazar» – 19:00.