Ï «Daragt» filmi Täjigistanda geçirilen film festiwalynda ýörite diploma mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Daragt» filmi Täjigistanda geçirilen film festiwalynda ýörite diploma mynasyp boldy

view-icon 3127
«Daragt» filmi Täjigistanda geçirilen film festiwalynda ýörite diploma mynasyp boldy
«Daragt» filmi Täjigistanda geçirilen film festiwalynda ýörite diploma mynasyp boldy
«Daragt» filmi Täjigistanda geçirilen film festiwalynda ýörite diploma mynasyp boldy
«Daragt» filmi Täjigistanda geçirilen film festiwalynda ýörite diploma mynasyp boldy

Duşenbede dürli ýurtlaryň kinoçylaryny bir ýerde jemlän «Toji Somon» atly II halkara film festiwaly tamamlandy. Gözden geçirilişiň netijesi boýunça türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýramow «Daragt» çeper filminde «Zenan wepalylygy temasyny ajaýyp suratda beýan edendigi üçin» diýen ýörite eminler diplomyna mynasyp boldy.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Daragt» filmi halkara gözden geçirilişlerde eýýäm birnäçe baýraga mynasyp boldy. Bu täsir galdyryjy filmde adamsyny urşa ugradyp, onuň gaýdyp gelmegine umyt bilen garaşýan baş gahryman ̶ Näzik atly türkmen maşgalasynyň ykbaly hakynda gürrüň berilýär. Täze çatynjalaryň birwagtlar eken erik agajy onuň umyt nyşanyna öwrülýär.

«Toji Somon» film festiwalynyň çäginde Duşenbe şäherinde Russiýanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň kino günleri-de geçirildi. Onda «Daragt» filminden başga-da režissýor Maksat Gylyjowyň «Kompozitor» filmi görkezildi.

Mundan daşgary bu çäre kinostudiýalaryň direktorlar geňeşiniň mejlisini, çeper, oýun we dokumental filmleriň görkezilişini, şeýle hem ýakyn we uzak ýurtlardan tanymal kinorežissýorlaryň gatnaşmagynda geçirilen konferensiýany öz içine aldy. Maksatnama täjigistanly tanymal režissýor we Täjigistanyň A.Rudaki döwlet baýragynyň eýesi Bagtyýor Hudoýnazarowyň 60 ýyllygyna bagyşlanan «Halypa-şägirt» atly ussatlyk sapagy we halkara film forumy bilen tamamlandy.

«Toji Somon» II halkara film festiwalynyň geçirilmegi kinematografiýa sungatynyň ösmegine, medeni mirasy gorap saklamaga we milli medeni gymmatlyklaryň ýaýradylmagyna goşant goşmak bilen, möhüm waka öwrüldi. Festiwal şeýle hem dürli ýurtlardan gelen kinorežissýorlaryň hünäri tejribe alyşmaklary üçin ajaýyp ýerlik bilen üpjün etdi, bu bolsa kino sungaty pudagynda medeniýetara gepleşikleriň çuňlaşmagyna ýardam etdi.