Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň dabaralar geçirilýän otagynda «Ýagtylyk baýramy» diýen düşünjäni aňladýan gadymy hindi baýramy bolan «Diwali» baýramy bellendi. Çäräni Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady.
Däp boýunça «Diwali» her ýyl güýz paslynda bellenýär. Bu baýram ýagtylygyň garaňkylykdan we ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykmagyny alamatlandyrýar. Şol gün köp sanly şem we çyralar bilen öýleri hem-de ybadathanalary bezemek bu baýramyň tapawutly aýratynlygydyr.

Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurtda işlemäge hukuk berlen diplomatik wekilhanalaryň, Aşgabatda ýaşaýan hindileriň wekilleri, metbugat işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdy. Hindistanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Bandaru Wilsonbabu Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly iki ýurduň arasyndaky düýpli ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine we medeni hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşýan ägirt uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bandaru Wilsonbabu Hindistan bilen Türkmenistany gadymy medeni gatnaşyklaryň we berk dostluk baglarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Bu nukdaýnazardan, diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Hytaýyň Týanszin şäherinde ŞHG-niň sammitiniň çäginde geçirilen duşuşygyny ýatlap geçdi. Ilçi şeýle hem Hindistanyň Türkmenistana «giň goňşulyk» düşünjesiniň esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny we ýurduň ähli ugurlarda, şol sanda sebitleýin we bütindünýä meselelerde-de gazanan möhüm ösüşine ýokary baha berýändigini belledi.
«Ýagtylyk baýramynyň» myhmanlaryny gyzykly medeni maksatnama-da begendirdi. Onda bu täsin ýarym adanyň nyşany bolan hindi medeniýetiniň çuňlugy adaty usullar arkaly beýan edilýärdi. Sahnada tolgundyryjy hindi horeografiýasynyň elementleri we meşhur çeper filmlerden naýbaşy ilhalar aýdymlar görkezildi.