Ï Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

view-icon 8579

Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, bu ugurda halk seçgiçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmaly:

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň uly mugallymy Gutly Gulnazarowiç Goşaýewe,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gulluk itşynaslygy merkeziniň 1-nji bölüminiň kiçi gözegçisi-itşynasy Hydyr Işanberdiýewiç Rasulowa.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.