15.04.2026
2768
Türkmenistan we ICMPD migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde, türkmen wekiliýetiniň Awstriýanyň Wena şäherinde öz işine başlan Serhet howpsuzlygy boýunça bütindünýä kongresiniň işine gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Sahy Imamberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Sýuzanna Raab bilen iş duşuşygyny geçirdi.
15.04.2026
3037
Türkmenistanyň Ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary hanym Dima Al-Ýahýa bilen duşuşdy.
15.04.2026
4377
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
16-njy aprelde we 14-nji maýda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda orta we hünär bilim edaralarynyň uçurymlary, harby gullukçylar, önümçilikde işleýän ýaşlar we 2026 – 2027-nji okuw ýylynda bu instituta okuwa girmek isleýänler üçin «Açyk gapylar» güni geçiriler.
15.04.2026
3541
Ahmet Demirok: – Syýahatçylyk medeniýeti birleşdirýär we dostluk köprülerini gurýar
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeliginiň açylyşy mynasybetli diplomatik toparyň, syýahatçylyk telekeçiliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Çäräniň resmi açylyş dabarasyny Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok geçirdi.
15.04.2026
3323
«Afrikanyň merjeni» türkmen syýahatçylaryna garaşýar
Türkmenistan bilen Ugandanyň arasynda müňlerçe kilometr ýatyr, muňa garamazdan bu ýeriň täze açyşlar we täsinlikler ugrundaky türkmen syýahatçylary üçin meşhur ýerleriň biri bolmak ähtimallygy uludyr. Bu barada Aşgabatda açylan «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşan Ugandanyň syýahatçylyk geňeşiniň wekilleri (Uganda Tourism Board – UTB) aýdyp berdiler.
15.04.2026
2300
Türkmenistan bilen Türkiýe umumy miras we strategik hyzmatdaşlygyň esasynda syýahatçylygy ösdürýärler
14-nji aprelde Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä diplomatlar, medeniýet işgärleri, syýahatçylyk pudagynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabara hormatly myhman hökmünde Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alpaslan gatnaşdy.
15.04.2026
3379
Türkmenistanly talyp «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen hormatly ada mynasyp boldy
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Medet Mäterow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» at bilen geçirilen halkara bäsleşikde I orna mynasyp boldy.
15.04.2026
4014
Kämil tehnologiýa, tutanýerli zähmet üstünligiň girewi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzda döwrebap desgalardyr binalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.
14.04.2026
7098
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Forumyň maksady Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmakdan, halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden hem-de degişli ugurda öňdebaryjy tejribeleri we usullary öwrenmekden ybaratdyr.
14.04.2026
5228
«S7 Airlines» kompaniýasy Türkmenistanyň dünýä syýahatçylyk pudagyna goşulyşmagyna goşant goşmaga taýýar
Türkmenistanyň paýtagtynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň dabaraly açylyşy geçirildi.