Ï Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

view-icon 829
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

16-njy aprelde we 14-nji maýda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda orta we hünär bilim edaralarynyň uçurymlary, harby gullukçylar, önümçilikde işleýän ýaşlar we 2026 – 2027-nji okuw ýylynda bu instituta okuwa girmek isleýänler üçin «Açyk gapylar» güni geçiriler.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlara hünärler we taýýarlyk ugurlary, ylmy-barlag, okuw, terbiýeçilik we medeni-köpçülikleýin işler barada, şeýle hem institutyň «Infokommunikasiýalar» hünär-tehniki mekdebi barada giňişleýin maglumat berler.

Myhmanlar ýokary okuw mekdebiniň okuw üstünlikleri, sport bilen meşgullanmak, amatly ýaşaýyş şertleri we talyp ýaşlaryň boş wagtlaryny manyly geçirmek üçin döredilen şertler bilen ýakyndan tanşarlar. Geljekki dalaşgärler institutyň wekilleri bilen duşuşyp, okuwa kabul edilmegiň ähli sowallary boýunça hünärmen maslahatlaryny alyp bilerler.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolynyň 68-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 94-03-38.