11.09.2025
8012
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe dabaraly açyldy
Şu gün Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň hem-de awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasy boldy.
11.09.2025
4870
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi we Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory hyzmatdaşlygyň geljekdäki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
11.09.2025
3960
Merkezi Aziýa forumy ýaşlary durnukly geljek üçin birleşdirdi
Aşgabatda «Saglyk we durnukly ösüş – parahatçylyga tarap ýol» diýen şygar bilen geçirilen Merkezi Aziýa ýaşlar forumynyň jemleri jemlendi.
11.09.2025
5484
Özbegistanda Türkmenistanyň iri lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyşy geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri A.Hudaýarowyň arasynda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
11.09.2025
7752
Elbrus belentliginde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyryldy
«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Ýewropanyň iň beýik nokatlary hasaplanýan Elbrusyň günbatar we gündogar depelerine çykdylar. Olar bu belentlikde eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdylar.
11.09.2025
7079
Nureddin Nyýazow: kerkili ussat
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Nureddin Nyýazowyň 75 ýyllygyna bagyşlanan «Ýer – biziň öýümiz» atly şahsy surat sergisi açyldy.
11.09.2025
7334
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda güýzlük bugdaý ekişi ýokary depginde alnyp barylýar
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň ekerançylary güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly esasda alyp barýarlar. Jogapkärli möwsüme taýýarlyk işleriniň çäginde ýer meýdanlarynyň taýýarlanylmagyna, zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn üns berildi.
11.09.2025
8671
Halk Maslahaty: bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir
Döwletiň häzirki ösüş döwründe jemgyýetiň ruhy, medeni we ahlak mümkinçiligi bilen baglanyşykly innowasiýa ösüşde bolan ýokary hilli bilim almagyň ähmiýeti yzygiderli artýar.
11.09.2025
8310
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
Sizi hemişelik Bitarap döwletimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda köpöwüşginli dabaraly çärelere beslenip, giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy hem-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
10.09.2025
6931
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmek wezipesi geçen aýda geçirilen köp sanly halkara çärelerde — syýasy geňeşmelerde, işewürlik gepleşiklerinde, maslahatlarda, sanly ulgam arkaly guralan okuw maslahatlarynda, medeni çärelerde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.