Ï Türkmenistanyň ýaş innowatorlary Maryda geçirilen startap bäsleşiginde «ýaşyl» energetika boýunça öz çözgütlerini hödürlediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaş innowatorlary Maryda geçirilen startap bäsleşiginde «ýaşyl» energetika boýunça öz çözgütlerini hödürlediler

view-icon 169
Türkmenistanyň ýaş innowatorlary Maryda geçirilen startap bäsleşiginde «ýaşyl» energetika boýunça öz çözgütlerini hödürlediler

2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamyndaky startaplar» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hem-de Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler edarasy tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýän we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan amala aşyrylýan «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024 – 2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasy tarapyndan bilelikde guraldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygarynyň çäklerinde geçirilen bu bäsleşik «ýaşyl» geçiş babatda ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamagy maksat edindi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurduň dürli künjeklerinden saýlanyp alnan hem-de 18 – 30 ýaş aralygyndaky talyplar we ýaş hünärmenler tarapyndan taýýarlanan 53 sany iň oňat taslama gatnaşdy.

Gatnaşyjylar öz çözgütlerini üç sany esasy ugur boýunça hödürlediler:

– Gün we ýel energiýasy: gün panelleri, kollektorlar we ýel turbinalary üçin innowasion ulanylyşlar.

– Biomassa we bioenergiýa: biogaz önümçiligine we organiki galyndylardan energiýany gaýtadan ulanmaga gönükdirilen taslamalar.

– Energiýanyň netijeliligi we sanly çözgütler: netijeli energiýa sarp edilişi üçin niýetlenen intellektual ulgamlar we sanly tehnologiýalar.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekili Abdyrahman Myratdurdyýew bu başlangyjyň ýurduň energetika pudagy üçin ähmiýetini nygtady:

– Innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek Türkmenistanyň energiýa strategiýasynyň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr. Bu bäsleşik diňe ýaşlarymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we döwletimiziň ekologiýa howpsuzlygyny berkitmek üçin amaly çözgütleri gözlemäge hem ýardam edýär. Biz gatnaşyjylary pudagyň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna düýpli goşant goşjak geljekki hünärmenler hökmünde görýäris.

Her kategoriýada iň gowy üç taslama bolan dokuz ýeňiji emin agzalary tarapyndan kesgitlenildi. Her ugur boýunça birinji orny eýelänlere gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda halkara tejribesini öwrenmek üçin Germaniýa okuw-tanyşlyk sapary bilen sylaglandy. Beýleki ýeňijilere bolsa, durnukly energetika ugrundaky innowasion goşantlary üçin ýörite şahadatnamalar hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu çärä Türkmenistanyň Energetika we Bilim ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu başlangyç «ýaşyl» ykdysadyýetiň ösdürilmegine goşant goşýar hem-de Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek baradaky milli strategiýalaryny goldaýar.