11.12.2025
4388
Türkmenistan çagalaryň saglygyny goramak üçin ählumumy halkara hyzmatdaşlyk guralyny döretmegi teklip etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Halkara Paktynyň çäklerinde döwletleriň, olaryň halklarynyň we guramalarynyň çagalaryň saglygy baradaky jogapkärçiligi jemleýän bitewi giňişligi döretmek teklibi bilen çykyş etdi.
11.12.2025
5484
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylara
Sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň möçberli serginiň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.
10.12.2025
7209
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany
Parahatçylyk döredijiligiň we ynsanperwerligiň gadymdan gelýän däpleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti dünýäde barha artýar.
10.12.2025
4565
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.
10.12.2025
4311
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen duşuşygy boldy.
10.12.2025
6563
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklady
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi.
10.12.2025
4693
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň duşuşyklary
Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa bilen duşuşygy boldy. Ol netijeli we işjeň ýagdaýda geçdi.
10.12.2025
7208
Ýokary okuw mekdepleriň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi
10-njy dekabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Çagalaryň we ýetginjekleriň beden taýdan ösüşine baha bermegiň we olary synag etmegiň usullary» diýen tema boýunça onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Oňa ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
10.12.2025
4824
Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde gadymy baýram – Eneler güni bellenildi
Aşgabatdaky Eýranyň ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezinde 9-njy dekabrda Eneler gününe bagyşlanan çäre geçirildi.
10.12.2025
4540
Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň bilen duşuşyk geçirdi.