Aşgabatdaky Eýranyň ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezinde 9-njy dekabrda Eneler gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Dabara Medeniýet merkeziniň ýanyndaky okuw toparynyň mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem olaryň ene-atalary, goňşy ýurduň gadymy däp-dessurlaryna gyzyklanýan aşgabatlylar, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly myhmanlaryň arasynda Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň metbugat sekretary Fatemeh Mohajerani, Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Abdulreza Abbas we beýlekiler boldular. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, baýramçylygyň esasy maksady dabara gatnaşyjylary diňe Eýranyň baý medeniýeti bilen tanyşdyrmak däl-de, eýsem, enelere we ähli aýal-gyzlara hormat goýmagyň we sarpa saklamagyň nyşany bolan bu günüň däplerini görkezmekden ybaratdyr.

Hormatly myhmanlar türkmen dilinde «Ene» düşünjesiniň sarpa goýmagyň we hormatlamagyň mukaddes nyşany bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Türkmenistanyň gadymy medeniýetinde eneler we aýal-gyzlar örän belent orun eýeleýärler. Iki ýurduň jemgyýetinde aýal-gyzlaryň ähmiýetli orny tassyklanyldy. Häzirki wagtda aýal-gyzlar iki ýurduň hem ylym-bilim, medeniýet we durmuş ulgamlarynda ýokary orunlary eýeläp, jemgyýetiň ösüşine oňyn täsir etmäge uly mümkinçiliklere eýedirler.

Diplomatlar Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny goldan ilkinji ýurtlaryň biridigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzy we ähli agzybir türkmen halkyny şanly sene ̶ hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Eýranda Eneler güni jumad al-ahir aýynyň ýigriminji gününde bellenilýär. Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir, ol Muhammet pygamberiň gyzy Patmanyň doglan güni bilen gabat gelýär, munuň bilen baglylykda eýranlylar her ýyl iki sany ähmiýetli aýal-gyzlar baýramyny – Eneler gününi we Zenanlar gününi birbada belleýärler. Patma Zahra eneligiň idealy we görelde nusgasy hökmünde hormatlanylýar, bu bolsa hut şu senäniň saýlanyp alynmagyny düşündirýär.
Baýramçylyk mähirli we dostlukly ýagdaýda geçdi. Myhmanlar üçin janly sazly konsert we pars dilinde goşgy okamak guraldy. Agşamyň ahyrynda bolsa, dabara gatnaşan ähli adamlara däp bolan eýran süýjüleri hödür edildi.