mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

02.03.2025

total-veiw

3427

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, rysgal-bereket dileýärin.

news-photo

02.03.2025

total-veiw

3778

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin hem-de bu möhüm çärä gatnaşjakdygymy tassyklaýaryn. Bu wekilçilikli forumy geçirmek başlangyjy ynanyşmagy, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda Siziň ýurduňyzyň eýeleýän aýratyn ornuny, ählumumy howpsuzlygyň durnukly mehanizmlerini döretmäge ýardam bermek bilen, parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.

news-photo

02.03.2025

total-veiw

4410

Türkmen tennisçileri Bahreýnde geçirilen 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda ITF World Junior saýlama ýaryşynda dört ýeňiş gazandylar

Isa-Taun şäherinde geçirilen (Bahreýn) 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Aziýa-Okeaniýa zolagynda ITF World Junior dünýä çempionatyna deslapky saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň topary dört gezek utup, bir oýunda utulyp, 21 toparyň arasynda sekizinji orna düşdi.

news-photo

02.03.2025

total-veiw

4969

TTF-niň başlygy türkmen tennisçileriniň BAE-de boljak ATP 500 derejeli ýaryşa gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy, Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti Eziz Döwletow Birleşen Arap Emirlikleriniň tennis federasiýasynyň baş sekretary Naser Ýusef Al Marzuki bilen türkmen tennisçileriniň indiki ýyl «АТР 500 Dubai Duty Free Tennis Championship» ýaryşyna gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy.

news-photo

02.03.2025

total-veiw

3606

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri kiberhowpsuzlygyň esaslaryny öwrenýärler

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň mejlisler zalynda «Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlygyň esaslary» atly okuw maslahaty geçirildi.

news-photo

02.03.2025

total-veiw

6681

Halk söýgüsini gazanan şahyra bagyşlanan sergi

Aýatda diri bolanlygynda şu ýyl 85 ýaşamaly şahyr Gurbannazar Ezizow türkmen halkynyň hakydasynda müdimi galdy. «Goşgusy Gurbannazar Ezizowyňky» jümlesi adaty zat bolup galdy, çünki sazandalar şahyryň goşgularyna aýdym ýazýarlar. Suratkeşler eserlerinde şahyryň keşbini döredýärler.

news-photo

02.03.2025

total-veiw

4346

Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly - dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Pekin şäheriniň «Green Rivers Manor» myhmanhanasynyň Medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.

news-photo

01.03.2025

total-veiw

7472

«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. 

news-photo

01.03.2025

total-veiw

5022

Türkmenistanyň Ilçisi Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi N.Şagulyýew bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary P.Utýupiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

news-photo

01.03.2025

total-veiw

3803

Türkmenistanyň DIM-de LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirdi

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirdi.

...3369