Ï Ylym we tehnologiýa – häzirki we geljekki ösüşiň binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylym we tehnologiýa – häzirki we geljekki ösüşiň binýady

view-icon 1712
Ylym we tehnologiýa – häzirki we geljekki ösüşiň binýady

Ylymlar güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Ylym we tehnologiýa – häzirki we geljekki ösüşimiziň binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahat uniwersitetiň ýolbaşçy wekilleriniň, professorlarynyň, mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň, ýaş alymlarynyň, hünärmenleriniň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Maslahatyň umumy mejlisinde häzirki döwrüň okgunly ösüşlerine, milli ylym we bilim ulgamynyň giňden döwrebaplaşdyrylyşyna bagyşlanylan çykyşlar boldy. Çykyşlarda ylmyň we bilimiň islendik ösüşiň esasy, döwletiň abadançylygynyň we durnukly ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolup durýandygy nygtaldy. Ylym we tehnologiýalar ulgamynda ýurduň ýaşlarynyň gazananlary, bu ugurda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri barada giňişleýin aýdyldy.

Biotehnologiýalary, ylmy-barlag işlerini ösdürmek babatda netijeli alnyp barylýan, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýan ileri tutulýan beýleki ugurlardaky oňyn işlere üns çekildi.

Çykyş edenler türkmen ylmynyň geljekki ösüş mümkinçilikleri barada aýdyp, «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmek, hünärmenleriň taýýarlanylyşyny kämilleşdirmek, ýaş alymlaryň täze neslini terbiýelemek, şeýle hem bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri çözmegiň wajypdygyny bellediler.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň ylmy esaslaryna we oba hojalyk ylymlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär, ýurduň obasenagat toplumyny ösdürmegiň ähli ugurlarynda geljegi uly özgertmeler amala aşyrylýar.

Maslahatyň işi degişli ugurlaryň dördüsi: «Ylym – ýagty geljege tarap ýol», «Sanly bilim ulgamy – ykdysady ösüşiň kepili», «Kitap – geljegiň şamçyragy, ýolumyzyň ugur görkezijisi», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny» diýen bölümçeler boýunça dowam etdi.

Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli uniwersitetde «Bilimli ýaşlar – berkararlygyň binýady» at bilen ylmy taslamalaryň baýramçylyk sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide ýokary okuw mekdebiň mugallymlarynyň, talyplarynyň, ýaş alymlarynyň we hünärmenleriniň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan abadançylygyny hem-de durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ylmy işleri görkezildi.

Şeýle hem sergi ony synlamaga gelenlere uniwersitetiň talyplarynyň ýokary gazananlaryny – abraýly döwlet, sebitleýin, halkara bäsleşiklerinde we olimpiadalarynda gazanylan diplomlar, medallar, kuboklar görkezdi.

Oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdebiň «Altyn Asyr» Medeni merkeziniň döredijilik toparynyň aýdym-sazly çykyşlary çäräniň baýramçylyk öwüşginini artdyrdy.