17.02.2025
3926
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
17.02.2025
3027
Ýurdumyzda açyk we maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar
Bu hepdäniň başlanmagy bilen, Türkmenistanda açyk we maýyl howa bolar diýlip çak edilýär. Köplenç güneşli gün bolar, bu bolsa arassa howada işlemek we dynç almak üçin amatly şertleri döreder. Gijelerine gysga wagtlyk ýagyş ýagmagy ähtimal, ýöne ol ujypsyz bolar we ýurdumyzyň sebitlerine gyradeň düşmez.
17.02.2025
6252
Sanly ykdysadyýet boýunça geçirilen olimpiadanyň ýeňijileri sylaglandy
Aşgabadyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sanly ykdysadyýet boýunça olimpiada geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirildi.
17.02.2025
7250
«Arkadag» futbol topary TFF-2025 Kubogynda öňdeligi eýeleýär
«Arkadag» futbol toparynyň futbolçylary Ahal welaýatynda geçýän Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň ikinji tapgyrynyň netijeleri boýunça öňdeligi eýeledi.
17.02.2025
5545
Türkmenistanyň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby – 2024» diýen ada mynasyp boldy
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit senagaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hallynyýaz Babaýew «GDA-nyň iň gowy talyby – 2024» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
17.02.2025
4016
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy.
16.02.2025
6385
Döredijilikli syýasat — täze üstünlikleriň gözbaşy
Geçen hepde döwlet ähmiýetli möhüm wakalara beslenip, ýurdumyzyň döredijilik ýoly bilen yzygiderli öňe barýandygyny aýdyň görkezdi. Ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş ulgamlarynda gazanylýan üstünliklerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler syýasaty öz beýanyny tapýar.
16.02.2025
3849
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
2025-nji ýylda Size hem-de Siziň ýakynlaryňyza bagtyýarlyk we üstünlikler arzuw edýärin.
16.02.2025
6626
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2025-nji ýyl Kubogy başlandy
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşige Ahal welaýatynda başlanan ýaryşa ýokary liganyň alty topary gatnaşdy.
15.02.2025
7366
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi.