Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen bilelikde lukmançylyk hünärli talyplar üçin iňlis dili boýunça okuw geçirdi.
Bu okuw hassalar bilen gowy düşünişmek, halkara bilermenler bilen akademik we klinik çekişmelere gatnaşmak üçin lukmançylyk terminologiýasyny özleşdirmek boýunça guraldy. Okuw iki hepde dowam etdi. Interaktiw oýunlar arkaly talyplar iňlis dilinde erkin gürlemegi özleşdirdiler. Bu bolsa olarda işlerinde iňlis dilini ulanyp biljekdiklerine ynam döretdi.