13.05.2025
4425
Türkmenistanyň Aktau şäherindäki Konsullygy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre gurnady
2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherindäki Konsullygynyň binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli çäre geçirildi.
13.05.2025
6222
Türkmenistanyň daşary ýurt dilleri okadylýan ýokary okuw mekdebinde talyplaryň hakaton bäsleşiginiň netijeleri jemlendi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institudynda “Biziň milli medeni mirasymyz dünýä dillerinde” diýen tema boýunça talyplaryň hakaton bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi.
13.05.2025
4495
Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça metbugat okuwlary geçirilýär
12-nji maýda Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatynyň öňüsyrasynda döwlete degişli khbs-niň işgärleri üçin “Howanyň üýtgemegi: mazmunyň dürlüligi we maksatly diňleýjiler” temasy boýunça tälim okuwy geçirildi.
13.05.2025
4562
Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady
Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Bütindünýä bankynyň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň goldaw bermeginde Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda guramagynda Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady.
13.05.2025
5445
Gallaçylar jogapkärli möwsüme taýýarlykly barýarlar
Ýurdumyzyň Günbatar sebitiniň kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleridir mülkdarlary mukaddes topraga ýylyň-ýylyna agrotehniki talaplara laýyklykda ideg edip, bol hasyl ýetişdirýärler. Balkanly gallaçylar geçen ýyl hem azyklyk däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinji bolup, üstünlikli ýerine ýetirdiler.
12.05.2025
5628
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
12.05.2025
7351
«Arkadag» futbol toparynyň tälimçileri we türgenleri pul baýragy bilen sylaglanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga uly goşant goşýandygyny, Türkmenistanyň Ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edýändigini, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda ýeňiş gazanyp, halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp bolandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäheriniň häkimliginiň “Arkadag” futbol toparynyň tälimçileri we türgenleri pul baýragy bilen sylaglanyldy.
12.05.2025
4787
«Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine we janköýerlerine
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan sport üstünligi — «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda ýeňiş gazanyp, çempion bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
12.05.2025
4603
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda ähmiýetli wakalara beslenýän günlerinde Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol toparynyň ýeňiş gazanyp, çempion bolmagy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde, türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
12.05.2025
7010
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony «Arkadag» futbol toparyny sarpalamak dabarasy
Şu gün Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna dabaraly çäreler geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli sportumyzyň, şol sanda täze şäheriň futbol toparynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.